Sepleriň elýeterliligi

2017-nji ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa 38.7 milliard kubometr gaz akdyryldy


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gaz geçirijiniň kartasy (Suratyň çeşmesi neftegaz.ru)

2017-nji ýylda Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly 38.7 milliard kubometr gaz akdyryldy, bu san ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 13.37% artyk boldy diýlip, media maglumatlarynda aýdylýar. Habar berlişine görä, geçen ýylyň dowamynda Hytaýa jemi 203,2 milliard kubometr gaz akdyrylypdyr.

Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçirijisi arkaly akdyrylan gazyň esasy bölegini Türkmenistanyň we Özbegistanyň tebigy gazy emele getirýär, şeýle-de Gazagystandan hem gazyň akdyrylmagy ýola goýuldy diýlip, Hytaýyň Singhua agentligine salgylanylyp, habar berilýär.

Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň esasy gaz hyrydary bolmagynda galýar. Türkmen gazy Hytaýa 2009-njy ýylda gurlan Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi arkaly akdyrylýar. Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän gazynyň takyk mukdarywe bahasy barada resmi maglumat köpçülige mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG