Türkmenistanda çagany mekdebe salmak üçin, onuň çagalar bagyna gatnandygy barada güwänama talap edilse, onda munuň çaglar baglarynyň töleglerini üýtgetmegi gözden geçirjek statistiki maglumatlar üçin ýygnaljakdygyny Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň Bilim bölümleriniň käbir resmileri Azatlygyň ýerli çeşmelerine aýtdylar.
Belläp geçsek, geçen hepde “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýurtda täze okuw ýylyndan başlap, mekdep ýaşyna ýeten çagalary okuwa salmak üçin, olaryň çagalar bagyna gatnandygy barada, güwänamanyň talap ediljekdigini we bu baradaky görkezmäniň geçen aýyň aýagynda ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan ýaýradylandygyny habar berdi.
“Şeýle görkezme Bilim ministrliginiň Aşgabatdaky we Ahal welaýatyndaky bölümlerine gelip gowuşmandyr. Ahal welaýatynyň Bilim bölüminiň jogapkär resmileri eger şeýle görkezme ýaýradylsa, onda bu çagalar baglarynyň töleglerini üýtgetmegi gözden geçirjek statistiki maglumatlar üçindir diýýärler” diýip, Azatlygyň Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň Bilim bölüminiň jogapkär resmileri bilen gürrüňdeş bolan çeşmesi aýtdy.
Ýöne çeşmämiz ýurduň çagalar baglarynda tölegler ýokarlandyrylandan soň, ýagny geçen ýylyň noýabr aýynda Ahal welaýatynyň çagalar baglaryndan çykarylan çagalaryň sanawyny tabşyrmak barada görkezmäniň ýaýradylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Ol şol görkezmede hem çagalar bagyndan çykarylan çagalaryň 1-nji klasa kabul edilmek düzgünleri barada hiç zat aýdylmaýandygyny belledi.
Azatlyk Radiosy ýokarky maglumatlar dogrusynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.
3-nji ýanwarda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri mekdep ýaşyna ýeten çagalaryň çagalar bagyna gatnandygy baradaky güwänama hödürlenmese, çaganyň orta mekdebe alynmagy bilen bagly dürli kynçylyklaryň ýüze çykyp biljekdigini mälim edipdi.
Bu maglumatlar ýurtda çagalar baglarynyň tölegleriniň tas 10 esse gymmatlamagynyň we hökümetiň býujet işgärlerine perzentlerini çagalar bagyna bermek üçin basyş eden döwrüniň yz ýanyna gabat geldi.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda, ýurtda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleri Aşgabatda 10 manatdan, welaýatlarda 8 manatdan, 80 manada duýdansyz ýokarlandyrylypdy. Bu bolsa ýurtda ene-atalaryň köpüsiniň nägileliklerine, Daşoguz welaýatynda perzentleri çagalar bagyna gatnaýan raýatlaryň ençemesiniň protest ýörişini geçirmegine sebäp boldy.
Gymmatlamanyň netijesinde, çagalar bagyna gatnaýanlaryň sany hem azaldy. Ene-atalar ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gymmatlaýan döwründe, çagalar baglarynyň ýokarlandyrylan töleglerini tölemäge gurplarynyň çatmaýandygy üçin, çagalaryny öýde alyp galmak kararyna gelendiklerini aýdypdylar.
Munuň yzy bilen, ýurduň ähli künjeklerinde diýen ýaly döwlet edara-kärhanalarynda işleýänlere perzentlerini çagalar bagyna öwürmek boýunça basyşlar edildi. Ýerli ýolbaşçylaryň geçiren ýygnaklarynda, çagalaryny çagalar bagyna öwürmediklere işden kowulmak haýbatlary atylypdy.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen resmileri hökümet mejlislerinde ilatyň ýaşaýyş durmuş şertleriniň dowamly ýokarlanýandygyny we çagalaryň “eşretli ýaşaýyşy” üçin ähli şertleriň döredilýändigini öňe sürseler-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada we olaryň ilata ýetirýän täsirleri hakda, hiç zat aýtman gelýärler. Şeýle-de, bu barada ýurduň media serişdelerinde hem häzirlikçe mesele gozgalmaýar.