Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri beýleki ýurtlara protestleri öjükdirmezligi duýdurdy


8-nji ýanwarda Tähranda geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif beýleki döwletlere öz ýurdundaky durnuksyzlygy öjükdirmezlik barada duýdurdy.
8-nji ýanwarda Tähranda geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif beýleki döwletlere öz ýurdundaky durnuksyzlygy öjükdirmezlik barada duýdurdy.

Eýranyň daşary işler ministri beýleki döwletlere öz ýurdundaky durnuksyzlygy öjükdirmezlik barada duýduryş berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Eýranyň çäginde soňky iki hepde bäri dowam edýän hökümete garşy protestler bilen baglanyşykly eýran hökümetiniň resmi pozisiýasyny mälim edip, protestleriň daşary ýurtlaryň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň, Ysraýylyň we Saud Arabystanynyň aňtaw gulluklary tarapyndan öjükdirilendigini belledi.

8-nji ýanwarda Tähranda geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda Zarif “hiç bir ýurt goňşusynda durnuksyzlyk döretmek arkaly öz territoriýasynda howpsuz gurşawy döredip bilmez” diýdi.

Eýranyň resmi “IRNA” habar agentligi Zarife salgylanyp, “şeýle tagallalaryň” diňe oňaýsyz netijeleriniň boljakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar 22 adamyň ölümine we başga-da 1700-den gowragynyň tussag edilmegine getiren protestleriň arkasynda Waşingtonyň bardygy hakynda, Eýranyň aýyplamalaryny ret etdi.

7-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň, ýagny CIA-nyň ýolbaşçysy Maýk Pompeo (Mike Pompeo) öz gullugynyň protestlerde hiç hili rolunyň ýokdugyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp protestçilere gowy baha berip, Waşingtonyň olara gerekli pursatda goldaw berjekdigini belledi.

3-nji ýanwarda Tramp Twitter sahypasynda ýazan twitinde özüniň “Eýran halkyna sarpa goýýandygyny, sebäbi olaryň korrumpirlenen hökümetden dynmagyň aladasyny edýändigini” aýtdy. Şeýle-de, ol: “Siz wagty gelende ABŞ-nyň egsilmez goldawyny görersiňiz” diýdi.

7-nji ýanwarda Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel Ýewropa Bileleşiginiň Eýranda 28-nji dekabrdan bäri dowam edýän hökümete garşy protestler barada gepleşikleri geçirmäge Zarifi çagyrjakdygyny aýtdy.

Gabriel Berlinde “ZDF TV” telekanalyna beren maglumatynda: “Eger mümkin bolsa öňümizdäki hepde Eýranyň daşary işler ministrini çagyrmak barada ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy [Federika Mogherini] bilen ylalaşdyk” diýdi.

“Biz demonstrasiýa etmek azatlygyny we muny döwletiň goldamalydygyny örän çaltlyk bilen tassykladyk” diýip, Gabriel aýtdy.

Gabrieliň bu çykyşy, Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary daşardan gurnalandygyny öňe sürýän hökümete garşy protestleriň “ýeňlişe sezewar bolandygyny” mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Rewolýusiýa sakçylarynyň 7-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda: “Eýranyň rewolýusion adamlary, şeýle-de on müňlerçe Basij güýçleri, polisiýa we Aňtaw ministrligi Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Ysraýyl, Saud Arabystany, söweşijiler we monarhçylar tarapyndan döredilen [tolgunşyklaryň] zynjyryny üzmegi başardy” diýilýär.

Emma Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna ýurduň azyndan dokuz şäherinde, şol sanda Tähranda hem protestleriň dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşdy.

Şeýle-de, 6-njy ýanwarda Takestanda, Arakda, Masjed Soleýmanyda, Maşatda, Kazwinde, Raştda, Lahijanda we Aýatolla Ruholla Homeýniniň dogduk şäheri – Homeýnide hem ýerli dolandyryşa garşy demonstrasiýalaryň geçirilendigi barada maglumatlar bar.

Bu aralykda, Eýranda ýaşaýan 16 sany tanymal reformistden ybarat topar protestleriň daşary ýurtlar tarapyndan guramalaşdyrylandygy barada hökümetiň aýyplamalaryny ret edip, ýörite beýanat ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG