Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň goşuny Ysraýylyň Damaskyň golaýynda 'harby nyşanlara' zeper ýetirendigini habar berdi


Damaskyň golaýyndaky Ghouta regiony, 8-nji ýanwar, 2018

Siriýanyň goşuny 9-njy ýanwarda Ysraýylyň Siriýanyň territoriýasynda Damaskyň golaýynda uçarlary we guryýer raketalary ulanyp, “harby nyşanlara” zeper ýetirendigini habar berdi.

Siriýanyň SANA döwlet agentliginiň çap eden beýanatynda ýurduň howa goragynyň Ysraýylyň bir harby uçaryna zarba urandygy aýdylýar.

Harbylar Ysraýylyň uçarlarynyň Damaskdan demirgazyk tarapda 15 kilometr uzaklykda ýerleşýän Al-Kutaifa giňişligine Liwanyň howa giňişliginden raketa atandygyny we yzýany okkupirlenen Golan beýikliklerinden gury ýer raketalardan zarba urandygyny aýtdylar. Resmi beýanatda Siriýanyň howadan goranyş güýçleriniň ähli raketalary urup gaçyrandygy bellenýär.

Mundan soň Ysraýylyň öz giňişliginden ýene dört raketany atandygy we olardan üçüsiniň Damasyň golaýyndaky “harby obýekte” maddy zeper ýetirendigini Siriýanyň harbylary aýtdylar. Bu maglumatlar dessine garaşsyz çeşmelerden tassyklanmady.

Ysraýyl Siriýanyň territoriýasynyň Eýran tarapyndan ulanylmagynyň öňüni almak isleýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG