Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow täze ýyly 'köne kadrlary' täzelemekden başlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylda geçiren ilkinji iş maslahatynyň dowamynda onlarça resmini etrap häkimi, etrap häkiminiň orunbasarlary wezipesine belledi. Bu kadr çalyşmalary Türkmenistanda dollaryň “gara bazar” nyrhynyň on manada ýeten, bazarlarda azyk önümleriniň yzygiderli gymmatlaýan şertlerinde bolup geçýär.

Ýerli synçylar prezident Berdimuhamedowyň täze ýyly derhal kadr çalyşmakdan başlamagyny ýurtdaky ykdysady ýagdaý bilen baglanyşdyrýarlar. Bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamowyň Wenadan telefon arakly beren interwiýusynda aýtmagyna görä, türkmen prezidenti kadrlary şeýle köpçülikleýin diňe halky köşeşdirmek üçin çalyşdy.

Hanamowyň pikirine görä, Berdimuhamedow gönüläp aýtmasa-da, emele gelen ýagdaýa, durmuşyň gymmatlamagyna işden aýrylan emeldarlar günäkär diýmekçi bolýar.

Döwlet baştutany geçen ýyl oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryny yzygiderli tankyt etdi, bu ugra gözegçilik edýän wise-premýeri täzeledi, bugdaý planynyň doldurylmandygyny, galan pagtanyň haýal ýygylýandygyny aýdyp, iki welaýatyň häkimini täzeledi.

Şeýle-de, prezident geçen ýyl import edilýän önümleriň öwezini tutýan önümleri öndürmek, eksport edilýän önümleri köpeltmek talabyny yzygiderli gaýtalady, emma önüm öndürijileriň iş şertleri öňküligine galdy we Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar özleriniň "el-aýaklarynyň baglydygyny" aýdýarlar.

Türkmen metbugatynyň tassyklamagyna görä, täze işe bellenen ýolbaşçylar “öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli bilimlerini we güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar”.

Emma synçylar, şol sanda oppozisioner Hanamow täze bellenen emeldarlaryň ýagdaýy üýtgedip biljekdigine ynanmaýar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýa işden aýrylan emeldarlaryň däl-de, eýsem sistemanyň, ozaly bilen hem prezidentiň günäkärdigini aýdýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň redaktory Farid Tuhbatullin hem täze bellenen kadrlaryň ýagdaýy üýtgedip bilejegine şübheli garaýar. Hukuk goraýjynyň pikiriçe, kadrlaryň şeýle köpçülikleýin işden boşadylmagynyň we işe bellenmeginiň özi hem sistemanyň işlemeýändigini görkezýär.

Tuhbatullin Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistandaky kadrlary saýlap almagyň sowet sistemasyndaky ýalňyşlyklardan uç alýandygyny, ýagny ozal professionallara derek bolşewik ideallaryna wepaly adamlar saýlanan bolsa, indi prezidente wepaly adamlaryň saýlanýandygyny, bu ýagdaýda işiň ýöremeýändigini aýdýar.

Ikinji tarapdan, Tuhbatulliniň pikirine görä, Türkmenistanda gowy kadrlar hem işläp bilmeýär.

“Olaryň hiç bir hakyky ygtyýarlygy ýok, hakyky täsir ediş guraly ýok. Meniň düşünişimçe, olaryň iş orunlarynda birazajygam bolsa erkin hereket etmegine mümkinçilik berýän kanunlar, kararlar hem ýok” diýip, hukuk goraýjy aýdýar.

Şol bir wagtda, öňki prezident Nyýazow döwründe-de, Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri hem, işden aýrylýan resmiler, häkim bolsun ýa ministr, tapawudy ýok, ýurtda dowam edýän kemçiliklere esasy günäkär adamlar edilip görkezilmäge çalşyrlýar diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG