Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda goýy reňkdäki ulaglaryň hereketine-de çäklendirme girizildi


Aşgabadyň köçeleriniň birinde köçe ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň köçeleriniň birinde köçe ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan surat

Aşgabat şäherinde ilatyň münýän gara reňkli awtoulaglaryny sürmeklige gadagançylyk girizlenden soň, şu günler goýy gök, ýaşyl, çal we goňur reňklerdäki ulaglaryň hereketine hem çäklendirilen derejede gadaganlyk girizildi.

Ýatlap geçsek, 28-nji dekabrda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan paýtagtda ilatyň münýän gara reňkli awtoulaglaryny sürmek gadagan edilip, gara reňkli awtoulaglar “jerime duralgalaryna” ýygnalyp başlanypdy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, goýy gök, ýaşyl, çal we goňur reňklerdäki ulaglar “jerime awtoduralgalaryna” alnyp gidilmese-de, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri olary şäheriň protokol köçelerine we merkezine goýbermeýärler.

“Paýtagtyň protokol köçelerine şol reňkdäki awtoulaglar ýetip gelýän bolsa, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary olary saklaýarlar we derhal yzyna öwrülmegi talap edýärler. Umuman, olara şäheriň merkezine, protokol köçelere girmek gadagan. Sürüjiler köçe ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärlerinden, ‘häzirki çäklendirilen gadaganlygyňyzyň netijesi näme bilen tamam bolar?’ diýip soranda, polisiýa işgärleri anyk bir zady bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Gadagançylyklar we çäklendirmeler sebäpli gara reňkdäki awtoulag eýeleriniň öz ulaglaryny ak reňke boýadyp başlandygy, munuň netijesinde paýtagtyň awtoserwisleriniň boýag sehlerinde uly nobatlaryň emele gelendigini we olaryň hyzmatlarynyň bahasynyň has ýokarlanandygyny Azatlygyň ýerli çeşmeleri aýdýarlar.

“Hatda 15-20 maşynyň şol bir sehde nobata durandygy aýdylýar. Nyrhlar-da barha gymmatlaýar, ýöne adamlar şonda-da awtoulaglaryny ak reňk sepýän sehlerde goýup gaýdýarlar. Sebäbi her geçen gün nyrhlar üýtgeýär. Meselem, ilkinji günlerde onuň bahasy 7000 manat bolsa, häzir 9000-11000 manat aralygyna çenli baryp ýetdi” diýip, Bugaýew belleýär.

Galyberse-de, şu günler awtoulaglary ak reňke boýatmak, hamana, ilatyň öz isleg-arzuwy diýdirmek üçin, döwlet awtoinspeksiýasynyň resmileri awtoulagy “jerime duralgasyna” getirilen her bir sürüjiden: “Meniň gara reňkli awtoulagymy ak reňke boýatmaga rugsat beriň” diýip, arza hatyny ýazmagy talap edýärler. Sürüjiler şol arzany ýazyp, resmilerden rugsat hatyny alansoň, “jerime duralgasyndan” ulagyny çykaryp, ussahanada ak reňke boýadyp bilýärler.

Mundanam başga, paýtagtda gara reňkli hem-de goýy gök, ýaşyl, çal we goňur reňklerdäki ulaglary sürmäge girizilen gadagançylyklaryň netijesinde, şäherde hususy taksileriň sany göz-görtele azaldy we olaryň kireý nyrhlary-da ýokarlandy.

“Taksileriň sany ortaça 30-40% derejesinde azaldy. Birinjiden, indi köçä çykan dessine taksi tapyp bolanok. Sebäbi taksileriň sany az. Galyberse-de, taksiler öz nyrhlaryny juda artdyrdylar. Meselem, hususy taksilerde öň 5 kilometr aralyga 3 manat berseň, ýolagçyny alyp gitmäge kaýyldylar. Indi şol aralyk 1 kilometre deň bolsa-da, maşyna aýagyňy basyp münseň, onda 5 manat töle diýýärler” diýip, Bugaýew aýdýar.

Şol bir wagtda, ol döwlet eýeçiligindäki taksileriň hem kireý nyrhlarynyň duýdansyz gymmatlandygyny, öň olaryň ortaça 10 kilometr aralyk üçin 20 manat alan bolsa, indi 30-40 manat aralygynda töleg alýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, Täze ýyl baýramçylygynyň yz ýany, paýtagtda köçe ýol hereketiniň gullugynyň işgärleriniň awtoulag sürýän aýal-gyzlary saklap, olaryň resminamalaryny jikme-jik barlaýandygy we käte dürli bahanalar bilen olary gaýtadan synagdan geçmäge ugradýandygyny Azatlygyň iki çeşmesi habar berýär.

Mundanam başga, soňky ýyllarda ýurduň ähli künjeginde diýen ýaly sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän aýal-gyzlaryň dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Daşoguz welaýatyndan özüni Ogulşat diýip tanyşdyran 38 ýaşyndaky telekeçi zenan sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin, eýýäm alty gezek synaga girip synagdan geçendigini, emma muňa garamazdan, özüne sürüjilik şahadatnamasynyň berilmeýändigini Azatlyga gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ýokarky ulag gadagançylyklary we çäklendirmeler barada ilata düşündiriş bermän gelýärler. Bu gadagançylyklar hakynda ýurduň metbugatynda hem mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG