Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BB: 2018-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň GDP-niň ösüşi 6,3%-e deň bolar


Illýustrasiýa suraty

2018-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Umumy içerki önüminiň ösüşi 6,3%-e barabar bolar diýlip, Bütindünýä bankynyň täze hasabatynda aýdylýar.

“CA-News” neşiriniň 10-njy ýanwarda çap eden maglumatyna görä, “Dünýä ykdysadyýetiniň perspektiwalary” atly hasabatda Özbegistanyň we Türkmenistanyň Umumy içerki önüminiň ösüşi (GDP) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary derejä eýe bolar diýilýär.

Maglumata görä, Özbegistanyň Umumy içerki önüminiň ösüşi 2018-nji ýylda 5,6%-e, 2019-njy ýylda 6,3%-e, 2020-nji ýylda 6,5%-e deň bolar diýlip, Bütindünýä bankynyň maglumatynda aýdylýar.

Hasabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Gazagystan Umumy içerki önüminiň ösüşi boýunça iň pes görkezijä eýe bolar we bu ýurtda 2018-nji ýylda 2,6%, 2019-njy ýylda 2,8% we 2020-nji ýylda 3% derejesinde ösüş bolar.

“Ýewropada we Merkezi Aziýada ykdysady ösüşiň derejesi garaşylandan ýokary boldy we bu görkeziji 2017-nji ýylda 3,7%-e deň boldy. Bu görkeziji 2016-njy ýylda 1,7%-e barabardy” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Bütindünýä bankynyň ýaýradan bu hasabaty Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, şeýle-de döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň wagtynda berilmeýän, bankomatlarda puly nagtlaşdyryp bolmaýan we ýurtda un, şeker, ösümlik ýagy ýaly käbir harytlaryň gytçylygynyň emele gelen döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG