Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudly ruhany "Bitcoin haram" diýýär


Bitkoin, Illýustrasiýa
Bitkoin, Illýustrasiýa

Saud Arabystanyň abraýly ruhanysy Assim Al-Hakeem bitkoin we beýleki kriptowalýutalaryň yslama gabat gelmeýändigini aýdýar.

"Biziň bilşimize görä, bitkoin ulanýanlar özüniň kimdigini gizlinlikde saklap bilýär. Bu şeýle walýutadan galp pullary aklamak, neşe söwdasy we haram pullaryň aýlanyşygy üçin, peýdalanyp bilinjekdigini aňladýar".

Ruhany şeýle sözleri özüniň telegepleşiginde beýan edipdir.

"Bu diýseň ýaramaz zatdyr. Eger meniň dollarym we seniň hem ýewro walýutaň bar bolsa, onda biziň bu pullary çalyşmagymyz yslama doly gabat gelýär. Onda-da diňe bir şert bilen, ýagny bu pul tutuşlygyna elden ele gowşurylan halatynda. Wirtual walýutanyň ýagdaýy bolsa beýle däl".

Ruhany şol bir wagtyň özünde, bitkoin wirtual walýutanyň täzelikde ýörgünli bolany üçin, häzirlikçe yslam alymlary tarapyndan doly derňelmändigine üns çekdi.

Onuň pikirine görä, wirtual walýutalar jisim däl, ýagny ony elläp bolmaýar, "bu puly wakuuma, boşluga oklamak ýaly bir ýagdaýdyr".

Bitkoiniň gymmady soňky 1 ýylda 10 esse ýokarlanyp, 10 müň dollara baryp ýetipdir.

Mundan owal Türkiýäniň din işleri guramasy hem bitkoinyiň haram bolmagy barasynda çykyş edipdir. Türk din işleri guramasy şonda "Wirtual walýuta "spekulýasiýalara açykdyr" we ondan bikanun işler üçin peýdalanmak mümkin" görnüşinde pikir beýan edipdi.

XS
SM
MD
LG