Sowet döwründe döredilen filmlerde ýerine ýetiren roly üçin köp adamyň söýgüsine mynasyp bolan orsýetli komiki aktýor Mihail Deržawin 81 ýaşynda aradan çykdy.
Deržawiniň 10-njy ýanwarda dünýäden ötendigini Moskwanyň Akademiki satira teatry özüniň Facebook sosial ulgamynda çap eden gysgajyk beýanatynda mälim etdi. Onda aktýoryň ölümine nämäniň sebäp bolandygy barada jikme-jik maglumat berilmedi.
Moskwada doglan Deržawin öz karýerasyna 1959-njy ýylda teatr aktýory hökmünde başlapdy.
Onuň teatr sahnalarynda ýerine ýetiren rollaryna gowy baha berilýär, ýöne ol özüniň 40-dan gowrak sowet filminde ýerine ýetiren rollary bilen meşhur bolupdy.