Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Gündogarda hökümet güýçleriniň üç esgeri öldi


Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda Russiýa tarapdar separatistleriň ýygy-ýygydan bozulýan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy ýedinji gezek bozandygy we separatistleriň pulemýotlar, granatamýotlar we minomýotlar bilen ot açýandygy aýdylýar.

11-nji ýanwarda Ukrainanyň harbylary ýurduň gündogar böleginde soňky 24 sagadyň dowamynda bolan çaknyşyklarda özüniň üç esgeriniň öldürilendigini we başga-da dört sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda Russiýa tarapdar separatistleriň ýygy-ýygydan bozulýan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy ýedinji gezek bozandygy we separatistleriň pulemýotlar, granatomýotlar we minomýotlar bilen ot açýandygy aýdylýar.

Bu aralykda, separatistler ukrain hökümet güýçleri tarapyndan minomýotlar we tüpeňler bilen amala aşyrylan hüjümlerde parahat ilatdan iki adamyň ýaralanandygyny öňe sürdiler.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Kiýewiň güýçleri bilen Donetks we Luhansk regionlarynyň käbir böleklerine kontrollyk edýän Russiýa tarapdar separatistleriň arasyndaky söweşde 10,300-den gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG