Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda turan agyr gyş tupany sebäpli aeroport, ýollar, mekdepler ýapyldy


Gazagystanyň Almaty şäheri
Gazagystanyň Almaty şäheri

Gazagystanyň çäginde turan agyr gyş tupany paýtagt Astana barýan we ondan gaýdýan transport liniýalaryny böwetläp, Merkezi Aziýa ýurdunyň beýleki regionlaryny izolirledi.

11-nji ýanwarda Astananyň häkimi Aset Isekeşew ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Bu waka güýçli ýel we agyr ýagan gar sebäpli Astanada Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara aeroportyň ýapylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Gijäň ýary ýagyp başlan gar gazak paýtagty bilen ýurduň beýleki regionlaryny birleşdirýän ähli ýollaryň hem ýapylmagyna getirdi.

Gazagystanyň içeri işler ministri Kalmuhanbet Kasymow Akmola, Karagandy, Pawlodar we Kyzyl-Orda sebitlerindäki ähli ýollaryň hem 11-nji ýanwarda ýapylandygyny aýtdy.

Şeýle-de, 11-nji ýanwarda Astanada we ýurduň beýleki welaýatlarynyň köpüsinde mekdepler hem ýapyldy.

XS
SM
MD
LG