Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa ABŞ-ny Eýranyň ýadro ylalaşygyny goldamagy dowam etmäge çagyrýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel
Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel

Germaniýanyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Eýran bilen gol goýlan ýadro ylalaşygyny gorap saklamak isleýändigini aýdyp, Waşingtony bu ylalaşyga Tähranyň ballistik ýarag programasyndan we onuň Siriýanyň raýat urşundaky rolundan aýrybaşga mesele hökmünde garamaga çagyrdy.

Sigmar Gabriel bu barada 11-nji ýanwarda Brýusselde Eýranyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň daşary işler ministrleri we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini bilen geçirjek ýygnagyndan öň çykyş etdi.

Şol bir wagtda, ol Waşingtonyň Eýranyň Ýakyn Gündogardaky strategiýasy barada aladalanmalaryny beýan etmäge hakynyň bardygyny aýtdy. Ýöne ol Eýranyň Ýakyn Gündogarda “kyn” rolunyň bardygyny we munuň 2015-nji ýylda Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygyndan aýrybaşga maslahat edilmelidigini belledi.

11-nji ýanwarda Brýusselde geçirilýän ýygnakda ýewropa ýurtlarynyň ýokary derejeli resmileriniň Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi özleriniň ýadro ylalaşygyna öňküsi ýaly meýilli, yhlaslydyklaryny ynandyrmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG