Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Memorial: Çeçen häkimiýetleri tussaglykdaky aktiwistiň dogan-garyndaşlaryna basyş edýär


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist Oýub Titiýew
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist Oýub Titiýew

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” atly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez Çeçenistandaky häkimiýetleriň özleriniň Groznydaky edarasynyň tussaglykdaky ýolbaşçysy Oýub Titiýewiň dogan-garyndaşlaryna basyş edýändigini aýdýar.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionynyň häkimiýetleri 60 ýaşyndaky Titiýewiň marihuanany saklandygyny aýdyp, 9-njy ýanwardan bäri ony tussaglykda saklaýarlar.

11-nji ýanwarda “Memorial” merkezi 10-njy ýanwarda polisiýanyň Titiýewiň Kurçaloý obasyndaky öýüne kürsäp girendigini we hukuk goraýjy aktiwistiň 28 ýaşyndaky ogly Bekhany hem-de onuň dogany Ýakuby gözländigini mälim etdi.

Merkeziň maglumatyna görä, polisiýa iki adamyň öýde ýokdugyny görüp, Titiýewiň beýleki dogan-garyndaşlaryny öýden zorluk bilen çykarypdyr we jaýyň gapylaryny gulplap, açary konfiskasiýa edipdir. Şeýle-de, olar Titiýewiň dogan-garyndaşlaryna Bekhan we Ýakub barada maglumat berilmese, onda olaryň “uly problemalar” bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurypdyrlar.

XS
SM
MD
LG