Sepleriň elýeterliligi

Marsdaky buz gory geljekde barlagçylar üçin potensial suw çeşmesi bolup biler


NASA-nyň orbita kosmiki gämisi arkaly Marsda düşürilen suratlar

Marsda üsti açylan ägirt uly buz gory geljekde barlag geçirijiler üçin potensial suw çeşmesi bolup biler diýip, Birleşen Ştatlaryň ylmy barlagçylary aýdýarlar.

NASA-nyň orbita kosmiki gämisinden düşürilen suratlary nazara alyp, alymlar sekiz buz meýdançasyny ýüze çykardylar. Olaryň käbiriniň çuňlugy bir metre, käbiri 100 metre çenli ýetýär diýlip, 11-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň “Science”, ýagny “Ylym” žurnalynda çap edilen raportda aýdylýar.

Marsda buzuň bardygy eýýäm köp wagt bäri bilinýändigine garamazdan, barlagçylaryň lideri “bu ýerlerdäki açyk meýdanda buz goruny tapmak geň galdyryjydy” diýdi.

Marsda suwuň tapylandygy baradaky ilkinji maglumatlar 2010-njy ýylda “Science” žurnalynda çap edilipdi.

Ýöne alymlar indi Marsdaky buz gorunyň öň pikir edilenden has uly göwrümdedigine, şeýle-de muny geljekde robotlar ýa-da adamlar tarapyndan amala aşyryljak derňew missiýalaryny goldamak üçin suw hökmünde ulanyp boljakdygyna düşündiler diýip, ABŞ-nyň Arizona sebitindäki Geologiýa gullugynyň astrogeologiýa ylmy-barlag merkeziniň geology Kolin Dundas (Colin Dundas) aýtdy.

XS
SM
MD
LG