Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bazarlar çolaransoň, köçedäki polisiýa gözegçileri hem azalýar


Parahat-1 mikroraýonyndaky bazar, Aşgabat
Parahat-1 mikroraýonyndaky bazar, Aşgabat

Aşgabatda täze ýyl söwdasyndan soň boşap galan bazarlardaky alyjy çolalygy dowam edýär, ýöne gök satylýan tekjelere un çykaryp satyp başladylar we köçelerde sürüjilere yrsaraýan polisiýa işgärleri azaldy diýip, Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýär.

“Bazarlardaky hususy dükanlarda, döwlet dükanlarynda kiçijik haltalarda satylýan un ozalam bolardy, emma soňky günlerde bu hili unlary gök satylýan sekilere çykaryp satmaga başladylar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Azatlygyň başga bir çeşmesi bu hili unlaryň bazardaky tekjelerde, tekje aşa diýen ýaly, hatara düzülip goýlandygyny gürrüň berdi.

“Mir” bazarynda iki metrlik tekjeleriň tas üçden iki bölegini owadanlap goýlan bir, iki kilogramlyk un haltalary tutýar. Tekjeleriň aşagynda, adamlaryň gözüniň düşjek ýerlerinde bolsa 5 kilogramlyk un haltalary goýlupdyr” diýip, ol aýtdy. Aşgabadyň “Teke bazarynda” hem gazak ununyň tekjeleriň üçden birini tutýandygy habar berilýär.

Edil şu gün, 12-nji ýanwarda bazarlarda bolan habarçymyzyň maglumatyna görä, gök satylýan sekilerde kilogramy 5 manatdansatylýan un 1, 2 kilogrmlyk kagyz haltalarda we 5 kliogramlyk kiçijik haltalarda satylýar, un şondan uly haltalarda satylmaýar we önümiň Gazagystandan getirilendigi ýazylgy dur.

Azatlyk radiosynyň habarçylary mundan öň ýurduň Mary, Daşoguz ýaly regionlarynda duýulýan un ýetmezçiligi barada maglumat beripdiler.

Şeýle-de ýerli synçylar täze ýyl söwdasyndan soň Aşgabadyň bazarlarynyň köpüsiniň tas boşap galandygyny, halys alyjy bolmansoň, satyjylaryň öz kärendesine alan söwda orunlaryny we harytlaryny goňşularyna ynanyp, gezekleşip işe çykýandygyny habar berdiler. Aýdylmagyna görä, 2017-nji ýyldan 2018-nji ýyla geçilende guralan täze ýyl söwdalary, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende “örän asuda”, ýagny az adamly boldy.

“2014-nji, 2015-nji ýyllarda täze ýyl söwdasynda, Gurbanlyk günlerinde bazarlar alyjydan hyryn-dykyn bolardy, indi o günler erteki ýaly boldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly aşgabatly Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar. Şeýle-de Türkmenistan geçen ýyl bugdaý babatda göz öňünde tutulan hasyly alyp bilmedi, ilata berlen ýeňillikler ýatyrylyp, durmuş hyzmatlaryna täze nyrk kesildi..

Ýerli çeşmeler bazarlaryň çolarmagy bilen bile ýene bir üýtgeşikligiň göze ilýändigini, Aşgabadyň bazarlarynyň töwereginde we çatryklarda ozal juda köplük bolan ýol gözegçileriniň, polisiýa işgärleriniň hem azalandygyny habar berýärler.

“Döwlet baştutany 9-njy ýanwarda dikuçarly Aşgabadyň ýokarsyndan gözegçilik edende, polisiýa we ýol gözegçilik işgärleri şäheriň içini ala-zenzele edip, hemme ýere aýlanyp çykdylar.

Emma şondan soň köçelerde gözegçilik edýän polisiýa azalýar” diýip, ýerli çeşme habar berdi. Onuň tassyklamagyna görä, ozal her çatrykda, käte köçäniň iki tarapynda hem 2-3ýol gözegçisi duran bolsa, häzir diňe her iki – iki ýarym kilometrden bir gözegçi dur, baglara bukulyp durýan polisiýa işgärleri asla ýok.

Şeýle-de, Azatlygyň bir-birinden habarsyz ýene iki çeşmesiniň tassyklamagyna görä, köçe hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň düzgün bozmadyk sürüjileri hem saklap, dokument barlap, jerime salar ýaly bahana gözlemegi azalýama çalym edýär.

Ýerli çeşmeler köçelerdäki polisiýa gözegçiliginiň selçeňlemegini Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň 30 prosent çemesi kemeldiljegi baradaky çaklamalar bilen baglanyşdyrýarlar. Içeri işler ministrligindäki çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, köçe-ýol hereketine gözegçilik etmekde indi döwrebap wideokameralaryň hyzmatyndan has kän peýdalanmaga geçiler.

XS
SM
MD
LG