Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda salgyt gullugynyň ýolbaşçy işgärleri 'parahorlukda' tutuldy


Illýustrasiýa

Türkmenistanda korrupsiýa baş goşmakda aýyplanyp, ýokary derejeli, şol sanda howpsuzlyk resmileriniň hem tussag edilendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy welaýatda neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýanlara arka çykmakda we para almakda aýyplap, howpsuzlyk gullugynyň birnäçe ofiserini tussag edipdir.

Bu barada döwlet mediasynda habar berilmeýşi ýaly, welaýatyň degişli howpsuzlyk edaralary hem bu dogrusynda nähilidir bir kommentariýa bermekden saklandylar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň biri-birinden aýry çeşmeleri sebitde neşe, alkogol, temmäki serişdeleriniň bikanun söwdasyny edýänlere howpsuzlyk we polisiýa işgärleriniň arka çykmagy ýaly ýagdaýlaryň seýrek däldigini, olaryň bikanun söwdadan öz pajyny hem alýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmeleri Aşgabatda korrupsiýa aýyplamalary bilen Köpetdag etrap salgyt gullugynyň başlygynyň we birnäçe işgäriniň hem tussag edilendigi barada maglumat berdiler.

“[Köpetdag] paýtagtyň iň iri we gür ilatly etraplarynyň biri bolany sebäpli, bu ýerde kiçi we orta, şol sanda daşary ýurt biznesiň wekilleri hem agdyklyk edýär. Salgyt gullugynyň başlygy uly mukdarda para almakda aýyplanýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme gürrüň berdi.

Emma Daşoguzdaky tussag edilen howpsuzlyk işgärlerinde bolşy ýaly, bu ýagdaý dogrusynda hem degişli döwlet resmilerinden hiç hili maglumat almak başartmady.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan halkara guramalarynyň dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesi baradaky hasabatlarynda, ýylyň-ýylyna iň ýaramaz derejeleri eýeleýär.

Soňky döwürde türkmen häkimiýetleri korrupsiýa, parahorluga garşy "barlyşyksyz göreşmegi" wada berip, bu aýyplamalarda aýyplananlaryň günäleriniň geçilmejekdigini tekrarlaýarlar. Geçen ýylyň maýyndan bäri ýurtda korrupsiýa baş goşmakda aýyplanyp, ýokary derejeli resmileriň onlarçasy-da wezipesinden boşadyldy hem käbirleri tussag edildi.

Emma muňa garamazdan, ýurt içinden gelýän habarlardan çen tutulsa, durmuşyň tas ähli pudaklaryna ornaşandygy aýdylýan korrupsiýa faktlary azalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG