Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede iki türkmen zenany bilen olaryň ýaranlary ten söwdasynda tutuldy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Tükiýede Dardanel bogazynyň ýanyndaky Çanakkale welaýatynyň Gökçeada etrabynda, žandarm güýçleriniň ten söwdasyna garşy gurnan operasiýasynda, iki sanysy türkmenistanly zenan we jemi dokuz adam saklandy.

Türk telekanallarynda görkezilen we türk metbugatynda hem çap edilen habarlarda beýan edilişine görä, Türkiýäniň Çanakkale welaýatynyň žandarm güýçleri daşary ýurtly zenanlaryň Stambuldan Gökçeada etrabynyň merkezine we obalaryna getirilip, olaryň ten söwdasyny gurnaýandyklary anyklanandan soň, 12 ýerde şol bir wagtyň özünde geçiren operasiýasynda güman edilýäni dokuz adam ele salypdyr.

Türkiýäniň köp tiražly "Hürriýet" gazetiniň ýazmagyna görä, türk žandarm güýçleri tarapyndan operasiýa gurnalan öýlerde geçirilen barlagda 7 sany mobil telefony bilen 8650 türk lirasy, ýagny 2300 amerikan dollaryna barabar nagt pul tapylypdyr.

Türkiýäniň "haberler.com" internet neşiri bolsa, ten söwdasyna garşy gurnalan operasiýada saklananlardan iki sanysynyň türkmenistanly zenandygyny bildirdi. Tutlanlaryň Gökçeada kazyýetine tabşyrylandygyny bildirýär. Neşir türkmenistanly zenanlardan biriniň kazyýetdäki soragyndan soň deportasiýa edilmegine karar berlendigini ýazýar.

Şeýle ýagdaýlara duş gelýän türkmen migrantlarynyň ykballary barasynda degişli türkmen ýa-da türk resmilerden nähilidir bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG