Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň guramaçylyk topary döredildi


Türkmenistan, Hazar şäheriniň golaýyndaky Azbek obasy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 2018-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Prezident Berdimuhamedow Amuldan Hazara çenli aralykda halkara awtoralli geçirmek teklibini ilki geçen ýylyň noýabrynda edipdi. Dekabrda bolsa ol bu teklibiniň üstüne weloýöriş, ylgaw ýaryşlary teklibini hem goşdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu karara “ýurduň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen” gol çekendigini habar berýär.

Türkmenistan geçen ýyl hem ýurduň halkara sport abraýyny belende götermek maksady bilen 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirdi we bu çäre türkmenistanlylara milliardlarça dollara düşdi.

Ekspertler bu sport ýaryşlarynyň Türkmenistanyň soňky 25 ýyldaky iň agyr ykdysdady kynçylyklaryna gabat gelendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG