Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Krymda ýene bir S-400-li diwiziýa ýerleşdirdi


 S-400 400 kilometre çenli uzaklykdaky howa hüjümlerini serpikdirmäge ukyply diýip hasaplanylýar.
 S-400 400 kilometre çenli uzaklykdaky howa hüjümlerini serpikdirmäge ukyply diýip hasaplanylýar.

Orsýet Ukrainanyň anneksiýa edilen Krym sebitine kämilleşdirilen S-400 howa goragy sistemasy bilen ýaraglandyrylan täze goşun birleşmesini ýerleşdirdi.

Orsýetiň döwlet mediasynyň 13-nji ýanwardaky habarlaryna görä, Moskwa Sewastopol şäheriniň daşynda täze diwiziýa ýerleşdirdi. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde Orsýetiň Gara deňiz floty hem ýerleşýär.

Bu Orsýetiň Krymda ýerleşdiren ikinji S-400 sistemaly diwiziýasy bolýar, Moskwa ozal, 2017-nji ýylyň başynda demirgazykdaky port şäheriniň, Fedosianyň golaýynda hem şeýle ýaragly diwiziýa ýerleşdiripdi.

S-400 400 kilometre çenli uzaklykdaky howa hüjümlerini, 60 kilometr aralykdaky ballistik raketalary serpikdirmäge ukyply diýip hasaplanylýar.

Orsýet Ukrainanyň Krym sebitini 2014-nji ýylyň martynda anneksiýa etdi we bu ýagdaý ABŞ-nyň, ÝB-niň we beleki ýurtlaryň Moskwa garşy ykdysady sanksiýa girizmegine itergi berdi.

XS
SM
MD
LG