Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeh presidenti Zeman 26-27-nji ýanwarda Ýewropa tarapdar Drahos bilen bäsleşer 


Prezidentlige kandidat Žiri Drahos

Çehiýanyň Orsýete dostlukly garaýan prezidenti Milos Zeman prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Ýewropa tarapdar garşydaşy Žiri Drahos bilen bäsleşer, bu iki dalaşgär milli saýlawlaryň birinji tapgyrynda iň köp ses alanlar boldy.

13-nji ýanwarda tas ähli sesiň sanalmagy bilen, Zeman saýlawçylaryň 38.6 prosentiniň sesini aldy, alym Drahos bolsa 26.6 prosent ses aldy.

Üçünji orunda gelen dalaşgär saýlawçylaryň 10.2 prosent sesini aldy.

Birinji tapgyr saýlawlarda hiç bir kandidat 50 prosentden kän ses almansoň, Zeman we Drahos 26-27-nji ýanwara bellenen ikinji tapgyr saýlawlarda bäsleşige çykar.

Bäsleşige gatnaşan kandidatlaryň hem azyndan üçüsi ikinji tapgyrda Drahosa goldaw berjekdigini aýtdy, Çeh telewideniýesiniň geçiren pikir soramalarynda oňa 48.5 prosent goldaw bildirilýär, Zemana bolsa 44 prosent goldaw bildirildi.

Zeman özüniň prezident bolan döwründe 10.5 millionly merkezi ýewropa döwletini öz Orsýete tarapdar we Hytaý bilen has ýakyn gatnaşyklara goldaw bermek pozisiýasy bilen iki bölege böldi.

Şeýle-de ol berk anti-immigrant pozisiýasy bilen tanaldy.

XS
SM
MD
LG