Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisde "Arap ýazynyň" 7 ýyllygyna gabat täze protestlere çagyrylýar


Tunis protestleri. 9-njy ýanwar, 2018.
Tunis protestleri. 9-njy ýanwar, 2018.

Tunisiň syýasy partiýalary we kärdeşler arkalaşygy ýurtda ozaky prezident Zine El Abidine Ben Aliniň halk gozgalaňlary netijesinde häkimiýetden agdarylmagynyň ýedi ýyllygyna gabat täze protestleriň geçirilmegine çagyrýarlar.

14-nji ýanwardaky çagryş Tunisde bir hepdä çeken täze protestleriň yz ýanyna gabat geldi.

Öňki prezident Ali 2011-nji ýylda, 23 ýyl häkimiýet başynda oturandan soň, halk protestleri netijesinde prezidentlikden çetleşdirileli bäri, Tunis degişlilikde demokratik geçişi iň ýumşak bolan ýurt hasaplanýar.

Emma ýedi ýyl soň hem, täz tygşytlylyk çäreleri we bir ýyllap bahalaryň gymmatlamagy zerarly, gahara münýänler az däl.

Geçen hepde protestçiler ýene 2011-nji ýylyň şygarlaryna gygyrdylar we “Iş, Azatlyk we Mertebe” talap etdiler.

Tunisiň kuwwatly Kärdeşler arkalaşygy 14-nji ýanwarda paýtagt Tunisde ýygnanyşmaga çagyrdy.

Tunisiň dolandyryjy koalisiýasynyň bir bölegi bolan Ennahda, yslamçy partiýa we premýer Ýussef Çahediň "Populýar Front" partiýasy hem demonstrasiýalara çagyrdy.

XS
SM
MD
LG