Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Araki: Türkmenistan gazyň bahasyny arzanlatmasa, mesele halkara Arbitraž sudunda çözüler


Illýustrasiýa suraty

Eýranyň döwlete degişli Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamid Reza Araki Tähranyň Aşgabatdan tebigy gazy satyn almaga öňküsi ýaly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy diýip, Eýranyň “IRNA” habar agentligine salgylanyp, “CA-News” neşiri habar berýär.

“Ýöne olar [türkmen tarapy] gazyň bahasyny arzanlatmaga razy bolmasa, onda biz bu meseläni halkara Arbitraž sudunda çözeris” diýip, neşir özüniň 15-nji ýanwarda çap eden maglumatynda Arakiniň sözlerini sitirleýär.

2016-njy ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gazyň tölegleri boýunça dörän dawa bilen baglylykda, geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 1,8 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa akdyrylýan tebigy gazy keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip, Aşgabady halkara arbitraž suduna berjekdigini birnäçe gezek gaýtalapdy.

Geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistan Eýran bilen tebigy gazyň tölegi boýunça dörän dawany Halkara arbitraž sudunda çözmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG