Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli prawoslaw ruhany çaga zorlamakda 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Russiýanyň kartasy
Russiýanyň kartasy

Russiýanyň prawoslaw ruhanysy çaga zorlamak aýyplamalarynda günäli tapylyp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

17-nji ýanwarda Leningrad regionyndaky Priozersk şäheriniň sudy Gleb Grozowskiýe garşy karar çykardy.

Sud Grozowskiýni 2011-nji ýylda Priozerskiň golaýynda ýerleşýän Konewets adasyndaky Rus prawoslaw tomus lagerinde ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen jynsy gatnaşyga girmekde günäli tapdy. Şol döwür Grozowskiý Sankt-Peterburgdaky ybadathanada ruhany bolup işleýärdi.

Şeýle-de, sud Grozowskiýni Gresiýada ybadathananyň rektory bolup işleýän döwri, ýagny 2013-nji ýylyň iýun aýynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen jynsy gatnaşyga girmekde günäli tapdy.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýa Grozowskiýniň gözlenýändigi barada karar çykardy. Ol 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Ysraýyldan Russiýa ekstradisiýa edilipdi.

XS
SM
MD
LG