Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Kämillik ýaşyna ýetmedik iki oglan mekdebe hüjüm etmekde aýyplanýar


15-nji ýanwarda Russiýanyň Perm şäherindäki mekdebe edilen hüjümde azyndan 12 adam ýaralandy.
15-nji ýanwarda Russiýanyň Perm şäherindäki mekdebe edilen hüjümde azyndan 12 adam ýaralandy.

Russiýanyň häkimiýetleri şu hepdäniň başynda Perm şäherindäki mekdebe amala aşyrylan hüjümde azyndan 12 okuwçy ýaralanandan soň, kämillik ýaşyna ýetmedik iki oglany adamlary öldürmäge synanyşmakda aýyplaýarlar. Rus häkimiýetleri bu wakanyň öňünden planlaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Russiýanyň Derňew Komitetiniň ýaýradan beýanatyna görä, gürrüňi edilýän oglanlaryň biri şäheriň 127-nji mekdebinde 10-njy klasda okaýar we beýlekisi bu mekdebiň öňki okuwçysy bolup, olar keselhanadan çykarylandan soň tussag ediler.

Kämillik ýaşyna ýetmedik oglanlar adamlaryň janyna kast etmekde we hüjümi öňünden planlaşdyrmakda aýyplanýarlar.

Başlangyç maglumatlarda 15-nji ýanwardaky hüjümiň päliýamanlar tarapyndan amala aşyrylandygy öňe sürüldi. Ýöne Russiýanyň häkimiýetleri bu wakany iki oglanyň arasynda bolan pyçak urşy diýip häsiýetlendirip, olary aralajak bolan mugallymlaryň we okuwçylaryň ýaralanandygyny aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG