Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiprde ulag kakan welosipedli türkmen migrantyny halas edip bolmady


Kipr

Kipr Düzowa diýen ýerde dosty bilen bilelikde welosipedli söwda merkezine barýan bir türkmen migrantynyň ulag kakmagy sebäpli aradan çykandygyny habar berýär.

"kibrisgazetesi" atly neşiriň ýazmagyna görä, düýn agşam sagat 20:00 töwereginde Kipriň demirgazygynda ençe aýdan bäri çyralar bilen ýagtyldylmaýan Jihangir çatrygy bilen Ýonja çatrygynyň arasyndaky tüm garaňky ýolda mobil telefonuna pul ýüklemek üçin, söwda merkezine çyrasyz welosipedli gidip barýan 30 ýaşyndaky Ýazgeldi Rahmanowy ulag kakypdyr. Wakada agyr ýaralanan we soň ýüregi duran türkmen migranty Ýazgeldi Rahmanowy Tiz kömek gullugynyň işgärleri gaýtadan özüne getiripdir.

Demirgazyk Kipriň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, "E-26" belgili esasy ýoldan "FE220" belgili ýeňil ulagyny sürüp gelýän Hasan Anyt "Ýonja" çatrygyna golaýlanda, çyrasyz welosiped sürüp barýan türkmenistanly migrant Ýazgeldi Rahmanowy awtomobiliň çep öň tarapy bilen kakypdyr. Kipr polisi şol wagtyň özünde türkmen migrantyny kakan sürüjiniň tussag edilendigini bildirýär.

Keselhananyň bir işgäriniň aýtmagyna görä, hekimleriň elinden gelenini gaýgyrmandygyna garamazdan, türkmenistanly migrant Ýazgeldi Rahmanowy halas etmek başartmandyr we ol sagat 02:40 töwereginde aradan çykypdyr.

Özüni Myrat diýip tanadyp bu temada Azatlyk Radiosyna maglumat beren türkmen migrantynyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Kipr türk respublikasynda türkmen ilçihanasy ýa-da nähilidir bir wekilhanasy ýok. Kiprde türkmen migrantlarynyň arasynda ölüm-ýitip bolanda, aradan çykany ilki bilen Türkiýä we ondan soň Türkmenistana uçar bilen äkitmeli bolýar.

"Kiprde köne türkmen pasporty bilen işläp hem ýaşap bolýar. Hut şonuň üçin köne pasportly türkmen migrantlar Kipre ýykgyn edýärler. Ýöne Kipr bilen Türkmenistanyň diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, türkmen migrantlary diňe bir ölüm-ýitim bolanda däl, ähli meselelerde türkmen diplomatlarynyň goldawyndan mahrum galýarlar. Bu ýagdaý hem olaryň Türkmenistanyň goldawyna has köp mätäçlik çekýändigini görkezýär" diýip, Kiprdäki türkmen zähmet migranty Myrat aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG