Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk işçileriniň protesti türkmen ilçisiniň töwellasy bilen togtadyldy


Türkmenistanda işlän döwri aýlyk haklaryny alyp bilmeýän türk işçileriniň protesti. 18-nji ýanwar, 2018 ý.

Türkmenistanda gurluşyk işlerinde işlän aýlyk haklarynyň iki ýyldan bäri tölenmeýändigi sebäpli, Ankaradaky türkmen ilçihanasynyň öňünde gaýtadan protest etmäge synanyşan türk işçilerini türkmen ilçisiniň töwellasy raýyndan gaýtardy.

Türk işçilerini tölenmeýän aýlyk haklary üçin, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde şu gün Türkiýe wagty bilen sagat 14:00-da jemlenmäge başladylar. Ýöne aýdylşyna görä, Türkmenistanyň Ankaradaky doly ygtyýarly baş ilçisi Işanguly Amanlyýewiň we beýleki türkmen diplomatlarynyň töwellalary netijesinde, türk işçileriniň taýýarlanan protesti wagtlaýynça goýbolsun edildi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde protest üçin jemlenen türk işçileri bilen gürrüňdeşlik geçirip, olardan bolup duran ýagdaýlar barasynda maglumat aldy. Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleriniň metbugatda çykyş etmezligi sorandygy we owalky wideo materialyň hem pozulmagyny isländigi sebäpli türk işçileri Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda interwýu berdiler.

"Şeýle bir üýtgeşme boldy. Biz türkmen ilçisi bilen duşuşyp, gürleşip, häzir ilçihanadan çykdyk. Bize meseläni çözmek barasynda söz berdiler. Ilçihananyň öňünde şeýle ýagdaýda protest geçirip, metbugata beýannama berlen mahaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir ýetirer diýdiler. Bizden häzirlikçe protest geçirmezligi we 15 gün möhlet bermegimizi haýyş etdiler. Biziň meselämizi ýokaryk ýetiripdirler we olar hem 15 günüň içinde türk işçilerine pul tölenjegini bildiripdir. Bizem bu gezek dürli şäherlerden 60-70 adam bolup protest geçirmäge gelendigimizi, ýöne 15 günden soň mesele çözülmese, onda ähli maşgala agzalarymyz bilen Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde jemlenip, has giňgerimli protest gurnajagymyzy we tä mesele çözülýänçä ol ýerden gitmejegimizi nygtadyk. Sebäbi bize 2 ýyldan bäri söz berip, soňam zähmet haklarymyzy tölemeýärler. Owalky protestimizi Azatlyk Radiosynyň habar bermegi biziň üçin gowy boldy. Sebäbi Azatlyk Radiosyny Türkmenistanda diňleýän köp we täsirli bolýar" diýip, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde protest geçirmek üçin jemlenen türk işçileriAzatlyk Radiosyna şu günki bolan wakany gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, Türkiýäniň paýtagty Ankarada dekabr aýynyň ahyrynda, Türkmenistanda işläp gaýdan birnäçe türk işçisi zähmet haklary tölenmänsoň, kyn ýagdaýa düşen maşgalalaryň adyndan, türkmen ilçihanasynyň öňünde nägilelik bildirip, metbugata beýannama beripdi.

Sözi jemläp aýtsak, türk işçileriniň meselesi we bolup geçýän ýagdaýlar barasynda, türkmen ilçihanasyndan nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG