Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Awtobusyň ot almagy netijesinde azyndan 52 özbek raýaty öldi


Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň ýaýradan suratynda awtobusyň doly ot alandygyny görse bolýar. 18-nji ýanwar, 2018 ý.

Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe regionynda awtobusyň ot almagy netijesinde azyndan 52 adam öldi.

Bu regionyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň başlygy Aktilek Kenes 18-nji ýanwarda žurnalistlere beren maglumatynda wakada pida bolanlaryň ählisiniň Özbegistanyň raýatlarydygyny aýtdy.

Kenes awtobusdaky ýangynda aman galan bäş raýatyň hem özbek raýatdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Gazagystanda bolan awtobus heläkçiligi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Resmiler awtobusyň Gazagystanyň wagty bilen irden sagat 10:30 (Aşgabat wagty bilen irden sagat 9:30) töweregi ot alandygyny we bu wakanyň ýurduň günortasyndaky Şymkent şäherini Russiýanyň Samara şäheri bilen birikdirýän asfalt ýolda bolandygyny mälim etdiler. Bu asfalt ýol Gazagystanyň Kalybaý obasyndan 10 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Şeýle-de, resmiler awtobusyň Russiýa barýandygyny we ýolagçylaryň aglabasynyň özbek işçi migrantydygyna ynanylýandygyny aýtdylar.

Häkimiýetler öz başlangyç beýanatynda Wengriýada öndürilen “Ikarus” kysymly awtobusyň näme sebäpden ot alandygyny henizem derňeýändiklerini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG