Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň geljek-geljegi: arassaçylyk çäreleri başlandy


Türkmen prezidentiniň portreti arassalanýar
Türkmen prezidentiniň portreti arassalanýar

Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň ählisinde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň etmeli saparlarynyň öňüsyrasynda, köpçülikleýin arassaçylyk çäreleri geçirilip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň we beýleki garaşsyz neşirleriniň maglumatyna görä, eýýäm birnäçe günden bäri býujet işgärleri tämizlik işlerine çekilip, mejbury ýagdaýda işledilýärler.

Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda, prezidentiň geçmeli ýollarynyň ugrundaky haşal otlar, zil-zibiller ýygnalyp; tamlaryň diwarlary, haýatlar reňklenip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri Berdimuhamedowyň Türkmenabatda täze aeroportyň we welaýat keselhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedowyň etjek saparlary barada öňünden hiç hili habar berilmeýär. Emma, Azatlyk Radiosyna goşwan maglumatlara görä, prezidentiň Lebaba sapary başda 20-nji ýanwar diýlip kesgitlenen bolsa-da, ol soňy bilen 25-nji ýanwara geçirilipidir.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary şäheriň aeroporty bilen Köneürgenç awto magistralynyň ugrunda býujet işgärleriniň mejbury ýagdaýda haşal otlary we ýylgynlary, garak ýaly ýabany ösümlikleri arassalamak işlerine çekilendigini habar berdiler.

Şol bir wagtda, sebitde eýesiz it-pişikleri ‘awlamak’ işleriniň hem alnyp barylýandygyna üns çekilýär. “Häzir Daşoguzda ýörite bir “Gazel” kysymly ýük ulagy aýlanyp, köçelerde gezip ýören itdir pişikleri awlaýar. Ulagyň içinde eli demir turbaly, trosly üç adam bar. Olar itleri urup öldürýärler we jesetlerini uly gaplara salyp, ulag bilen nirädir bir ýerlere äkidýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy aýdýar.

Mundanam başga, Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde hem prezidentiň gelmegine görülýän taýýarlyklaryň çäginde arassaçylyk işleri bilen birlikde, jaýlardaky çanak antennalarynyň hem gyssagly sökülip başlandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri çanak antennalaryny aýyrmak kampaniýasynyň diňe bir prezidentiň geçmeli ýolunyň ugrundaky tamlar bilen çäklenmän, eýse sebitiň beýleki etraplarynda hem alnyp barylýandygyny belleýär.

Resmiler nägileligini bildirýän türkmenbaşylylara sökülip aýrylan çanak antennalarynyň deregine kabel telewideniýesiniň çekiljekdigini wada berseler-de, bu işlere haçan amal ediljekdigi takyklaşdyrmaýarlar.

Galyberse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlaryň Maryda hem alnyp barylýandygyny nygtamak gerek.

Adatça, türkmen prezidentiniň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň dowamynda, köpçülikleýin arassaçylyk işleri bilen birlikde, ony garşy almak boýunça-da mejbury, şol sanda: ýaşlardan we býjuet işgärlerinden düzülen diri koridor, aýdym-saz we sahnalaşdyrylan çykyşlar, köpçülikleýin ýagdaýda “arkadaga şöhrat” şygarlaryny gygyrmak... çäreleri hem geçirilýär.

Türkmen mediasy ýerli raýatlaryň prezidenti “uly şatlyk” bilen garşy alýandygyny öňe sürüp, reportažlary görkezse-de, raýatlaryň mejbury işledilmegi we çärelere gatnaşmagy ýaly ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýar.

XS
SM
MD
LG