Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Prezidentlik wezipäňizde eden işleriňiziň jemine garasak"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golf oýnaýar. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golf oýnaýar. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Prezidenti G. B. 11 ýylda (2007 – 20018 ýý.) eden işleriniň jemi.

Eýsem 11 ýylyň başlaryna çenli Türkmenistanda näme üýtgeşmeler boldy? Geliň bir uçup barýan uçary alyp göreliň. Uçup barýan uçar ýere gonjak wagty ýuwaş – ýuwaşdan aşak düşýär we ýere gonup durýar. Gynansak – da Türkmenistanyň ykdysadyýeti şolar ýaly. Şu wagt ykdysadyýet her 2 hepde – de aşak düşýär. Eger şol uçaryň gonuşy ýaly gonsa, Türkmenistany galdyrmak üçin näçe ýyl sarp etmeli bor?! Bir söz bilen aýdaňda garyp döwletleriň hataryna girmegi gaty ähtimal.

G.B. ministrleriň, käbir edara – kärhanalaryň işgärlerinde kadr çalyşmalar ýüze geçirýär. Bu eýýam Sowet Soýuzyňka meňzeş. Lidere ýaranokmy aýyrmaly ýa bolmasa ýok etmeli. Şu ýerde bolsa sorag ýüze çykýar, näme üçin ministrleriň, edara – kärhanalaryň işgärleri G.B.-ň işlän döwründen bäri öz wezipesini oňarmaýanlygy sebäpli ony wezipesinden aýyrmaýarlar? Gaýtam gorkujyklaryndan öz pikirlerini içinde saklap gezýärler.

G.B. 11 ýylyň başlaryna çenli Prezidentlik wezipäňizde eden işleriňiziň jemine garasak, Türkmenistanyň ykdysadyýetini öňkisindenem pes derejä ýetirdiňiz, raýatlary işsiz, aç goýýarsyňyz we häzir – häzirem Türkmenistanyň raýatlary öz durmuşynda kösenip ýörler. Iň nejis tarap azyk – harytlaryň bahalary, dollaryň hümmeti gaty ýokary galdy. Dollar bolsa asla tapdyrdanok. Özümizde önýän tebigy togy, gazy we suwy tölegli edip, olaryň bermeli töleglerini has hem ýokarlandyrdyňyz. Welaýatlaryň ýaşaýjylary işlemek üçin Aşgabat şäherine gelýärler we şäher häkimýetiniň işgärleri olardan para alyp Aşgabat şäheriniň ýaşaýan kwartiralaryna ýazylýarlar (propiska bolýarlar).

Ýaňy ýakynda dostlarymyň biriniň garyndaşy 20.000 manada (täze pulda) Aşgabat şäherinde ýaşaýan kwartirasyna resmileşdirildi (propiska boldy). Käbirleri bolsa Aşgabadyň raýatyna durmuşa çykyp ýa – da şoňa öýlenip hem şäheriň ýaşaýan ýerlerine resmileşdirýärler (propiska bolýarlar). Şular ýaly ýagdaýlarda Aşgabadyň ýaşaýjylary şolar sebäpli hem iş tapyp bilmän işsiz aç otyrlar (ölýärler).

Türkmenistanyň ministrleriň, edara – kärhanalaryň işgärleri hem – de raýatlary geliň pikirimizi, sözümizi bir edip, öz döwletimiziň ykdysadyýetini öňküsinden – de ýokary galdyryp, durmuşymyzy jennete öwürmek üçin täzeden Türkmenistanda prezident saýlawlary geçireliň. Näme üçin G.B. maşgalalary bilen ýegenleri jennetde ýaly ýaşaýarlar? Emma Biz Raýatlar bir bölek çörek üçin bir – birimize töhmet atmaly ýa – da bir – birimiziň etimizi iýmeli. Bu döwür aç galmajak bolup, öz inileriniň, agalarynyň etini iýip çeýnemägede kaýyl.

G.B. öz halkyňyza ynamsyzlyk bilen garaýarsyňyz. Öz Serdar ogluňyzy bir görseň edaraň başlygy, mejlisiň başlygynyň orunbasary, indem Aşgabat şäheriniň prokurory edip belleýärsiňiz. Şeýdip Siziň maşgalaňyzyň nebeleri döwleti dolandyryp pul gazanmaly, Türkmenistanyň raýatlaram açlykdan ölmeli. Häzir – häzirlerem Siziň maşgalaňyz, ýegenleriňiz Türkmenistanyň edara – kärhanalary, banklary dolandyryp ýörler.

Hormatly Türkmenistanyň raýatlary öz gözüňiz bilen görýänsiňiz, gulaklaryňyz bilen eşidýänsiňiz. Geliň şowyr adamlara döwleti dolandyrmaga ýol bermäliň! Geliň Türkmenistan döwletini öňküsindenem gülläp ösdüreliň. Barzat Biziň elimizde.

GELIŇ TÄZEDEN PREZIDENT SAÝLAWLARY GEÇIRELIŇ.

Bakanokmy iliň, ýurduň halyna –
Häkimlik ynanma beýle zalyma.


Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG