Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telekeçilerine konwertasiýa çäklendirildi


Türkmenistanyň Merkezi Banky
Türkmenistanyň Merkezi Banky

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň daşary ýurtdan harytlary import edýän telekeçilere manatlaryny dollara konwertasiýa edip bermeginde bökdençlikleriň ýüze çykyp başlandygy dogrusynda maglumatlar gowuşýar.

Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri geçen ýylyň dekabryndan bäri konwertasiýa emtäge ygtyýarly banklarynyň hiç biriniň häzir bu operasiýalary amala aşyrmaýandygyna ünsi çekýär.

Neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, konwertasiýa üçin telekeçileriň dekabrda tabşyran dokumentleri barada häzirki güne çenli hiç hili netije çykarylmandyr. Ýeri gelende bellesek, ozalky arza seredilmezden, nobatdaky konwertasiýa üçin ýüz tutup bolmaýar.

Bu dörän ýagdaýlarda degişli bank resmileri telekeçilere garaşmagy maslahat berseler-de, anyk näme we näçe wagt garaşylmalydygy hakda hiç zat aýdylmaýar.

Import bilen meşgullanýan telekeçilere konwertasiýa etmek işlerinde bökdençlikleriň ýüze çykandygyny Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bir telekeçi hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, konwertasiýa doly ýatyrylman, eýse juda çäkli derejede amala aşyrylyp başlanypdyr.

“Bu ýagdaýlar geçen ýylyň aýagynda döredi. Konwertasiýa doly ýatyrylmady, emma indi bu diňe belli-belli sanlyja firmalara edilýär. Garaz, ozal-da arkasy bolan, azyk ýa gurluşyk harytlaryny import edýän firmalara konwertasiýa edilýärdi. Bu sanaw häzir has-da kemeldildi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýlardan ozal-da şertnamadaky ähli mukdar däl-de, eýse her aý umumy puluň 7%-i konwertasiýa edilipdir.

Bu täze özgertmeler barada degişli bank resmilerinden hiç hili maglumat alyp bolmaýşy ýaly, döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Nygtap geçsek, bu türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky telekeçilige girizen çäklendirmeleriniň iň soňkusydyr. Mundan ozal, ýurtda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylmagy bilen, bankdan konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasyna-da çäklendirmeler girizilipdi.

Bu ýagdaý ýurtda walýutanyň iki – döwlet we “gara bazar” kurslarynyň emele gelmegine getirip, häzirki wagtda 1 amerikan dollary döwlet kursunda 3 manat 50 teňňä barabar bolsa, “gara bazarda” ol 10 manatdan hem aşdy.

Netijede, türkmen banklary import bilen meşgullanýan telekeçilere ençeme tapgyr çäklendirmeleri girizdi. 2015-nji ýylda Merkezi Bank telekeçileriň milli pul birligindäki bank hasaplaryndan awtomatiki konwertasiýany çäklendirip, nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini bolsa, 35 müň manat, ýagny döwlet kursy bilen 10 müň amerikan dollary möçberinde kesgitläpdi.

Şeýle-de, 2016-njy ýylda ýurduň banklaryndan türkmen telekeçileri daşary ýurt kärhanasy bilen baglaşan şertnamasyndaky umumy pul serişdesiniň 3%-ni konwertasiýa edip bilen bolsa, bu mukdar 1,4 – 2 prosente çenli azaldylypdy.

Geçen ýyldan başlap, Türkmenistanda daşary ýurtdan haryt getirýän kärhanalar we telekeçiler mundan beýläk ugradyjy kompaniýany ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba aldyrmaly edildiler.

Döwlet emeldarlary we mediasy, ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwründe, telekeçilere we konwertasiýa amallaryna girizilýän çäklendirmeler barada dymýarlar.

XS
SM
MD
LG