Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan we Gazagystan ot alan awtobus boýunça derňew işini gozgady


Gazagystanda awtobusyň ýanýan pursady
Gazagystanda awtobusyň ýanýan pursady

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew ot alan awtobus heläkçiligi bilen bagly özbek kärdeşine gynanç hatyny ýollady. Iki ýurt 52 özbek raýatynyň pajygaly ölümine getiren ýangyn heläkçiligi boýunça derňew işini gozgady.

Gazagystanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Aktobe regionynda, häkimiýetleriň aýtmagyna görä, esasan özbek işçilerinden düzülen ýolagçylary Orsýete äkidip barýan awtobusda ýangyn döredi.

Heläkçilikde diňe bäş adam aman galdy we bu hadysa dünýäde soňky bäş ýylyň dowamynda bolan şeýle heläkçilikleriň iň pajygalylaryndan biri boldy.

Gazagystanyň Maýa goýum we ösüş ministrligi 18-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda, heläkçilige uçran ulagyň Germaniýada öndürilen “Setra” kysymly 29 ýyllyk awtobusdygy, ýolagçy daşamak üçin rugsatnamasynyň bolmandygyny we howpsuzlyk güwä hatynyň 2016-njy ýylda gutarandygyny mälim etdi.

Gazagystanda bolan awtobus heläkçiligi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

Şeýle-de, ministrligiň beýanatynda awtobusyň Gazagystanyň Şymkent şäherinden Orsýetiň Wolga derýasynyň kenarynda ýerleşýän Kazan şäherine, ýagny takmynan 2100 kilometrlik ýola barýandygy habar berilýär.

RIA Novostiniň habar bermegine görä, iki gatly awtobusyň gapdal gapylary petiklenip, ýolagçylaryň ýangyndan gaçmaklaryna böwet bolupdyr.

Orsýetiň “Interfaks” habar agentliginiň habar bermegine görä, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 18-nji ýanwarda pajygaly heläkçiligi derňemek üçin, premýer-ministr Abdullah Aripowyň baştutanlygynda ýörite komissiýa döredipdir.

18-nji ýanwarda Daşkentden Aktobe regionyna uçar bilen baran özbegistanly derňewçiler ilki bilen waka boýunça “köçe-ýol hereketiniň bozulmagy ýa-da ýol ulaglarynyň hereketi boýunça kanun bozmalara” üns bererler diýip, “Interfaks” habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki “Kazinform” habar gullugynyň mälim etmegine görä, Gazagystan hem waka boýunça ýörite jenaýat derňew işini gozgapdyr.

Aktobe regionynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň başlygy Aktilek Kenes 18-nji ýanwarda žurnalistlere beren maglumatynda, wakada pida bolanlaryň ählisiniň Özbegistanyň raýatlarydygyny aýtdy.

Resmiler awtobusyň Gazagystanyň wagty bilen ir sagat 10:30 töweregi ot alandygyny we heläkçiligiň ýurduň günortasyndaky Şymkent şäherini Russiýanyň Samara şäheri bilen birikdirýän asfalt ýolda, Kalybaý obasyndan 10 km uzaklykda bolandygyny mälim etdiler.

Içeri işler ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň metbugat wekili Ruslan Imamkulow aman galan bäş ýolagçynyň üçüsiniň Özbegistanyň raýatlarydygyny, iki sürüjiniň bolsa gazak raýatydygyny aýtdy.

Şeýle-de, Imamkulow awtobusyň Gazagystanyň günorta regionynda hasapda durandygyny aýtdy.

Köp sanly özbegistanly Orsýete migrant işçi hökmünde, Gazagystanyň üsti bilen barýar.

18-nji ýanwarda ýangynyň bolan ýerinde, ýerli polisiýanyň işgärleri, derňewçiler, halas ediş toparlary we psihologlar iş alyp bardylar.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça regional departament özüniň ýaýradan başlangyç derňew hasabatynda, awtobusda bar bolan elektrik näsazlygyň pajygaly heläkçilige ýol açan bolmagynyň ahmaldygyny we ýangynyň gysga elektrik zynjyryň utgaşmasy bilen dörän bolmagynyň mümkindigini habar berdi.

Aktobäniň regional merkezinden 320 km uzaklykda bolup geçen bu tragediýa şu wagta çenli bu regionda bolan ençeme heläkçiligiň soňkusydyr.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda özbek ýolagçylaryny daşaýan we Gazagystanda hasapda duran bir awtobusyň Orsýetiň çäginde bir otla baryp urmagy bilen awtobusyň 19 ýolagçysy pajygaly ýagdaýda wepat bolupdy.

2015-nji ýylda Gazagystanda kiçi awtobusyň furgon görnüşli awtoulag bilen çaknyşmagynyň netijesinde 16 adam wepat bolupdy. Olaryň üçüsi ýaş çagady.

XS
SM
MD
LG