Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada on müňlerçe adam korrupsiýa garşy protest bildirýär


Buharest, 20-nji ýanwar protestleri
Buharest, 20-nji ýanwar protestleri

Rumyniýalylaryň on müňlerçesi Buharestiň köçelerine proteste çykdy, olar dolandyryjy Sosial demokratlaryň teklip edýän adalat reformalaryna garşy çykýarlar.

Garşydaşlar teklip edilýän reformalaryň ýokary derejelerde edilýän korrupsiýany derňemegi has kynlaşdyrjakdygyny aýdýarlar.

20-nji ýanwarda, demonstrasiýaçylar rumyn paýtagtynyň Uniwersitet skwerinde toplananda, protestçiler bilen pitne garşy polisiýanyň arasynda gysga wagtlyk tutluşyklar hem boldy.

Bu protest geçen aý parlamentde tassyklanan kanun taslamasyna jogap hökmünde gurnaldy. Tankytçylar bu kanun taslamasynyň sudlaryň garaşsyzlygyny gowşatjakdygyny, täze tekliplerde käbir korrupsiýa faktlarynyň jenaýat hasaplanylmaýandygyny aýdýarlar.

Parlamentde tassyklanan kanun taslamasyna, kanuna öwrülmegi üçin, prezident hem gol çekmeli.

XS
SM
MD
LG