Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu Ýorkda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri we Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Nýu Ýork, 22-nji sentýabr, 2017

Nýu Ýorkda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. "C5+1" formatynda geçirilen gepleşiklerde regional howpsuzlygy we döwrüň howplaryna garşy durmak meseleleriniň ara alnyp maslahat edilendigi, Özbegistanyň daşary işler ministrligine salgylanyp, media serişdeleri habar berdi.

Nýu Ýorkda geçirilen maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Jon Salliwan, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri, şeýle-de Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa gatnaşdylar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi duşuşygyň 18-nji ýanwarda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň problemlary barada malhatynyň öňüsyrasynda geçirilendigini habar berdi.

Duşuşykda taraplar ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň regional we halkara meseleleriň ençemesi boýunça pozisiýalarynyň deň gelýändigini mälim edendigi bellenýär.

ABŞ Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan “С5+1” formatyndaky özara dialogy regional meseleleri maslahat etmek üçin 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda ýola goýupdylar.

XS
SM
MD
LG