Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kepek nobatyna ýazylmak üçin, pasportyň nusgasy gerek


Maryda kepek üçin nobatlara bir hepde ýa-da on gün öňünden ýazylmaly.

Mary welaýatynda kepek, sarun ýaly mal iýmitiniň gytçylygynyň barha artýandygy aýdylýan häzirki döwürde, olary satyn aljaklaryň nobata ýazylmagy talap edilýär.

Onuň üçin bir hepde ýa-da on gün öňünden ýazylmaly. Nobata ýazylmak üçinem dükanyň öňünde birnäçe günläp gijesi bilen nobata durmaly. Nobatyň ýeteninde, dükan eýeleri seni sanawa ýazýarlar. Ýöne oba ýaşaýjysy bolsaň-da, seniň şahsyýetiňi tassyklaýan pasportyň nusgasyny talap edýärler diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Kepek nobatyň ýetýänçä, dükana baryp habar alyp durmaly. Nobatlaryň dogry ýöredilýändigi ýa ýöredilmeýändigi dükandaky satyjylaryň ynsabyna bagly. Tanyş-bilişlerine islän wagty, isledigiçe kepek ýa sarun berip, ‘nobatym geler’ diýip garaşyp oturan ýaşaýjylaryň bolsa unudylýan halatlaryň bolýandygyny aýdýarlar.

Dükanlaryň öňünde dörän nobatlary gizlejek bolup, bu sanaw häkimlikler tarapyndan görkezme bilen düzülýändigini hem ýaşaýjylar aradan aýyrmaýarlar. Kepek, sarun gytçylygnyň döremeginiň sebäplerini anyklamak bolsa ýönekeý halka başartmaýar.

Döwlet dükanlarynda emele gelen bu gytçylyk hususy dükanlarda ýüz berenok. Iki bahasyndan satyn alsaň, kepegem, sarunam tapdyrýar. Ýöne bir kilosynyň döwlet bahasy 30 teňňä durýan kepegi hususy dükanlarda 80 teňňeden, sarunyň döwlet dükanlarynda bir kilosy 60 teňňeden bolsa, ony hususy dükanlarda 1 manat 10 teňňeden almak ýönekeý halka agyr düşýär. Şeýle bahadan iým alyp mal saklajak bolsaň, ondan hojalyga hiç bir peýda gelmeýär diýip ýaşaýjylar aýdýarlar. Onsuzam döwlet dükanlarynda hem olaryň bahalary ozalkydan 10-20 teňňe gymmatlady.

Mary welaýatynda ozal bir kilosy 15 manat bolan mal etleriniň bahasy häzir 20 manada çykdy. Iýimleriň gymmatlamagynyň esasan towuk idedijilere ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdýarlar. Soňky aýda towuk ýumurtgalarynyň oba ýerlerinde 80-90 teňňä durýan bahasy kä ýerlerde 1 manada çenli ýokarlandy diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG