Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet meşhur sportsmenleriniň gyşky olimpiada gatnaşmagynyň gadagan edilendigini aýdýar


Koreýada doglan orsýet sportsmeni olimpik altyn medallaryň altysynyň eýesi Wiktor Ahn

Orsýetiň prezidentiniň metbugat wekili olimpik altyn medallaryň altysynyň eýesi Wiktor Ahnyň we beýleki meşhur orsýetli sportsmenleriň fewral aýynda geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna girizilen gadagançylygy “gynandyryjy” diýip atlandyrdy we Halkara Olimpiýa komitetinden (IOC) düşündirme soraýandygyny aýtdy.

23-nji ýanwarda Orsýetiň Olimpiýa komiteti meşhur orsýetli sportsmenler Wiktor Ahnyň, Sergeý Ustýugowyň we Anton Şipuliniň 9-25-nji fewral aralygynda Günorta Koreýada sport bäsdeşligine gatnaşmak üçin Halkara Olimpiýa komitetiniň sanawyna goşulmandygyny aýtdy.

Dekabr aýynda Halkara Olimpiýa komiteti Orsýetiň gyşky Olimpiada gatnaşmagyna gadagançylyk girizipdi we Moskwany halkara doping düzgünlerini “yzygiderli bozmakda” aýyplapdy, emma käbir orsýet sportsmenleriniň bitarap ýagdaýda gatnaşyp biljegini mälim edipdi.

19-njy dekabrda Halkara Olimpiýa komiteti bäsdeşlige rugsat berlen orsýet sportsmenleriniň sanyny 500-den 389 adama çenli çäklendirdi. Orsýetiň resmileri doping bilen bagly edilýän aýyplamalary ret edýärler.

XS
SM
MD
LG