Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2017-nji ýylda BMG-niň azyndan 56 sany parahatçylygy döredijisi wepat boldy


BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasynyň harby ulagy, Liwan

2017-nji ýylda BMG-niň azyndan 56 sany parahatçylygy döredijisi öldürildi. Bu san 1994-nji ýyldan bäri iň uly adam ýitgisi boldy.

BMG-niň 22-nji ýanwarda çap eden hasabatyna görä, 2013-nji ýyldan bäri BMG-niň 15 sany parahatçylygy dörediji operasiýasynda 135 sany esgeri, polisiýa wekili we raýat işgäri wepat bolupdyr.

Pidalaryň aglabasy agzalan wagt möhletinde Malide, Günorta Sudanda we Merkezi Afrika respublikasynda wepat bolupdyr.

Hasabatda pidalaryň sanynyň artmagy BMG-niň baýdagynyň indi “hakyky gorag” bermeýändigini görkezýär diýilip bellenýär.

Şeýle-de, hasabatda BMG-niň ýolbaşçylary we agza ýurtlary ýazgarylyp, ençeme resminiň güýç ulanylmagyna garşy pikiriň “zamunlygyna galýandygy” bellenilýär.

“Goşunlaryň we liderleriň çäre gören ýagdaýynda pidalar seýrek bolýar” diýlip, hasabatda aýdylýar we “BMG köplenç hereketsizligiň netijesinde hüjüme sezewar bolýar” diýlip bellenilýär.

XS
SM
MD
LG