Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko ABŞ-nyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker bilen duşuşdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker, Kiýew, 23-nji ýanwar, 2018.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker, Kiýew, 23-nji ýanwar, 2018.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker bilen Kiýewde duşuşdy we ýurduň gündogarynda barýan urşy ara alyp maslahat etdi.

Poroşenkonyň resmi websaýtynda çap bolan beýanata görä, 23-nji ýanwarda geçirilen gepleşiklerde taraplar Orsýetiň Minsk ylalaşygyny berjaý etmekde öňegidişliginiň ýetmezçiliginden “çynlakaý aladalanma” bildiripdir.

Wolker Twitter ulgamynda çap eden maglumatynda Poroşenko bilen “gowy gepleşiginiň bolandygyny” mälim etdi we Orsýetiň diplomatlary bilen duşuşmak üçin şu hepdede Dubaýa sapar etjekdigini aýtdy.

Poroşenkonyň beýanatynda Ukrainanyň gündogarynda ok atyşygyň bes edilmegini gazanmak we “Orsýetiň okkupasion güýçlerini Ukrainadan çykarmak” meselesiniň häzir “doly derejede ileri tutulýandygyny” nygtady.

Kiýew 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Ukrainanyň gündogarynda Donetsk we Luhansk regionlaryň käbir böleklerinde orsýetçi separatistlere garşy söweşýär. Regiondaky konflikt zerarly 10 300 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG