Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň Siriýanyň himiki ýaraglary bilen bagly tankydyny ret etdi


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Siriýada islendik himiki ýaragyň ulanylmagyna Orsýetiň jogapkärdigi barada eden çykyşyny gahar-gazap bilen ret etdi.

Nebenziýa 23-nji ýanwarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda ABŞ himiki ýaraglary ulanmakda Siriýanyň hökümetini “howul-hara aýyplady” diýdi.

“Indi olar muňa Orsýeti çekmäge synanyşýarlar” diýip, Nebenziýa aýtdy.

Tillerson öz çykyşyny 23-nji ýanwarda Parižde himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň üstüni açmak we jogapkärleri jezalandyrmak maksadyny öz öňünde goýýan guramanyň döredilmegi barada 24 ýurt tarapyndan ylalaşylan çärede aýtdy.

Tillerson Orsýetiň Siriýada himiki ýaraglary ýok etmek boýunça 2013-nji ýylda ABŞ bilen baglaşan ylalaşygyny depeleýändigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Moskwany Siriýanyň hökümetine Himiki ýaraglar boýunça halkara konwensiýasyny bozmaga ýardam bermekde aýyplady.

Tillerson Orsýetiň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň himiki ýaraglary ulanýanlary jogapkärçilige çekmek boýunça rezolýusiýalaryna weto girizmekden we olary petiklemekden saklanmalydygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG