ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Şweýsariýada geçiriljek dünýä ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Waşingtondan Dawosa gaýtdy.
Ak Tam Trampyň bu sapardan ABŞ-nyň biznesini öňe sürmek we ABŞ-nyň hem global ykdysadyýetiniň ösüşi boýunça öz tagallalaryny mälim etmek üçin peýdalanmagy planlaşdyrýandygyny habar berdi.
Trampyň 25-nji ýanwarda duşuşyklaryň ençemesini geçirmegine, şol sanda Britaniýanyň we Ysraýylyň premýer-ministrleri Tereza Maý we Benjamin Netanýahu bilen duşuşmagyna garaşylýar.
24-nji ýanwarda Zurihde 1000-den gowrak adam “Tramp hoş gelmediň” diýen şygarlary öňe sürüp protest geçirdiler.