Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kabulda 4 amerikan raýatynyň wepat bolandygyny tassyklady


Owganystanyň polisiýa ofiseri "Intercontinental" myhmanhanasynyň öňünde gözegçilik edýär, Kabul, 23-nji ýanwar, 2018
Owganystanyň polisiýa ofiseri "Intercontinental" myhmanhanasynyň öňünde gözegçilik edýär, Kabul, 23-nji ýanwar, 2018

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Owganystanyň paýtagtynda “Intercontinental” myhmanhanasyna edilen hüjümde dört sany amerikan raýatynyň wepat bolandygyny we ikisiniň ýaralanandygyny tassyklady.

“Talyban” toparynyň 20-nji ýanwarda agşam Kabulyň kaşaň myhmanhanasyna eden hüjüminde azyndan 30 adam, şol sanda 14 daşary ýurtly heläk bolupdy.

Metbugat wekili Heather Nauert 24-nji ýanwarda eden çykyşynda Döwlet departamentiniň jikme-jikleri berip bilmejegini aýtdy.

“Biz ABŞ-nyň dört raýatynyň wepat bolandygyny we ikisiniň ýaralanandygyny tassyklap biljek” diýip, Nauert aýtdy.

Mundan öň ABŞ-nyň resmileri birnäçe amerikan raýatynyň wepat bolandygyny ýa-da ýaralanandygyny aýdyp, takyk sanlary mälim etmändi.

Owgan resmileri wepat bolan 14 daşary ýurtlydan 11 adamyň Owganystanyň “KanAir” atly hususy awiakompaniýasynyň işgärleri bolandygyny mälim etdiler. Şol bir wagtda-da wepat bolanlaryň takyk sany nämälim galýar.

Owganystanyň baş howpsuzlyk resmileri wepat bolanlaryň sanyny 22 we 30 adam aralygynda kesgitlediler. Ýerli habar beriş serişdeleri adam pidalarynyň sanyny 40 çemesi diýip habar berdiler.

XS
SM
MD
LG