Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa oppozisiýasy Soçide rus goldawynda geçjek ‘kongrese’ gatnaşmaýar


Ýahýa al-Aridi, Gazagystan, 24 ýanwar, 2017
Ýahýa al-Aridi, Gazagystan, 24 ýanwar, 2017

Siriýanyň esasy oppozision topary Soçide 29-30-njy ýanwara bellenen we Orsýetiň howandarlygynda geçiriljek “parahatçylyk kongresine” gatnaşmajakdygyny aýdýar.

Siriýanyň Gepleşikçiler komissiýasynyň (SNC) sözçüsi Ýahýa al-Aridi 27-nji ýanwarda Siriýanyň hökümeti we onuň rus ýarany zerur bolan borçnamalar bilen üpjün etmediler we Soçi gepleşikleri BMG-niň parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk etmek tagallalaryny gowşatmak synanyşygy boldy diýdi.

Emma bu kararyň gutarnyklydygy ýa-da SGK-nyň ýolbaşçylarynyň goşmaça borçnamalara garaşýandygy belli bolmady.

Moskwanyň Gara deňiz boýundaky kurort şäherde “milli dialog kongresini” geçirmek plany Günbatar ýurtlarynyň köpüsi we BMG tarapyndan şübheli garşylandy.

XS
SM
MD
LG