Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň tarapdarlary saýlaw boýkotyny goldaýarlar


Sankt-Peterburg, protestçi. Arhiw suraty

Orsýetliler Wladimir Putiniň golunyň astynda ýene bir alty ýyl ýaşamak ähtimallygyny halamaýarlar we 28-nji ýanwarda, Alekseý Nawalnyny goldap, saýlawlary boýkot etmäge çagyrmak üçin ýurt boýunça proteste başladylar.

Häkimiýetler kanuny bozan diýip hasaplanan demonstrasiýaçylara berk çäre görjekdiklerini duýdurdylar.

Nawalnyý, korrupsiýa garşy göreşiji we oppozisiýa lideri, maliýe jenaýatçylygy sebäpli 18-nji martda geçiriljek saýlawlarda bäsleşmek hukygyndan kesilenden soň, saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy. Nawalnynyň tarapdarlary onuň saýlawda dalaşgär bolmakdan kesilmegini Kreml tarapyndan görlen ar alyş çäresi hasaplaýarlar.

Nawalnynyň protestleri göni alyp görkezýän YouTube kanalynda aýdylmagyna görä, onuň tarapdarlary eýýäm Sibiriň birnäçe şäherinde, şol sanda Omsk, Wladiwostok, Nowosibirsk, Tomsk, Irkutsk, Magadan, Ýakutsk, Kemerowo, Kurgan we Barnaul şäherlerinde ýygnandylar

Uzak Gündogardaky Wastladiwostok şäherinde toplanan ýüzlerçe adam “Men saýlawa diňe ol ýerde saýlaw, seçgi bolan halaryna bararyn”, Putin Orsýetiň geljegini ýalmap-ýuwudýar” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler.

Şeýle-de Çelýabinskiniň Uralsk şäherinde, Wolga derýasynyň boýundaky Samara protestler guraldy.

Nawalny öz Moskwadaky tarapdarlaryny, häkimiýetleriň bu ýerde ýygnanyşyk geçirmäge rugsat bermeýändigine garamazdan, şäheriň merkezi köçlerinde toplanmaga çagyrdy.

Planlaşdyrylan ýygnanyşykdan öň polisiýa Nawalnynyň Moskwadaky edarasyna gelip, ol ýerdäki adamlary soraga çekdiler diýip, onuň goldawçylary aýtdy.

XS
SM
MD
LG