Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete tarapdar Zeman çeh prezidentligine gaýatdan saýlandy


Miloş Zeman

Orsýete tarapdar prezident Miloş Zeman saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňiji bolup, ikinji bäş ýyl möhlet üçin çeh prezidentligne saýlandy.

Jemleýji netijeler Zemanyň saýlawçylaryň 51.36 prosentiniň sesini alandygyny görkezdi, onuň garşydaşy, Ýewropa tarapdar alym Žiri Drahos saýlawçylaryň 48.63 prosentiniň sesini aldy we ýeňlişini kabul etdi.

73 ýaşyndaky Zeman telewideniýede berlen sözünde “Bu meniň soňky ýeňşim” diýdi we goldawçylaryna sagbolsun aýtdy.

8.4 milliona golaý çeh saýlawlarda ses bermäge hakly. Zeman saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda saýlawçylaryň 38.6 prosentiniň sesini aldy, ikinji bolup Drahos geldi, ol 26.6 prosent ses aldy.

Zeman 2013-nji ýyldan bäri prezident we emigrantlara garşy pikirleri, musulmanlary halamazlygy, rus prezidenti Wladimir Putine ýakyn durmagy bilen tanalýar.

XS
SM
MD
LG