Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň dört raýaty Moskwada ýangynda heläk boldy


Krasnogorsk şäheriniň Migrasiýa gullugy, Moskwa regiony

Täjigistanyň dört raýaty Moskwanyň etegindäki Krasnogorsk şäherinde bolan ýangynda wepat boldy.

Orsýetiň derňew komitetiniň metbugat wekili Olga Wradynyň 29-njy ýanwarda aýtmagyna görä, 28-nji ýanwarda bolan ýangynda 48 ýaşly täjik zenany we onuň alty ýaşly agtygy wepat bolupdyr, 48 ýaşly täjigistanly adam we onuň 13 ýaşly agtygy soňra keselhanada ýogalypdyr.

Wrady dokuz adamyň bir jaýy kireýne alyp ýaşandygyny habar berdi.

Ýangynyň döremeginiň sebäpleriň derňelýär.

XS
SM
MD
LG