Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bellendi


Türkmenistanyň senagat taýdan üstünliklerine bagyşlanan halkara sergisi, Aşgabat

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bellendi.

Resmi maglumatlara görä, 28-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow by wezipä ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary Hoşgeldi Mergenowy wagtlaýyn belledi.

Türkmenistanyň senagat ministri we onuň wezipesinden çetleşdirilmeginiň sebäpleri barada resmi media habar bermedi.

Bu habar Türkmenistanyň prezidentiniň nobatdaky uly kadrlar çalyşygynyň yzýanyna gabat geldi. 26-njy ýanwarda G.Berdimuhamedow hökümet baştutanynyň üç sany täze orunbasaryny belledi, birnäçe ministrini çalyşdy we ençeme döwlet edarasynyň ýolbaşçylaryny çalyşdy.

XS
SM
MD
LG