Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Netanýahu bilen duşuşar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. Soçi. Awgust
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. Soçi. Awgust

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen 29-njy ýanwarda Moskwada duşuşar. Iki lideriň arasynda geçjek gepleşikler, beýleki temalar bilen birlikde, Siriýada barýan konflikt, şeýle hem Eýranyň regiondaky gatnaşyklary hakda bolar diýip çaklanýar.

Putin bilen Netanýahu söwda, ykdysadyýet, medeni we gumanitar ugurlarda pikir alşarlar diýip, Kreml habar berdi. Kremliň maglumatynda iki tarapyň “halkara we regional meseleler”, şol sanda Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasyndaky parahatçylyk prosesi we Siriýadaky ýagdaý barada hem gepleşik geçirjekdigi aýdylýar.

Ysraýylyň premýer-ministri 28-nji ýanwarda özüniň “dürli regional meseleler, Siriýada [Ysraýyl] bilen Orsýetiň harby güýçleriniň arasynda howpsuzlyk koordinasiýasyny güýçlendirmek, şeýle hem Ysraýylyň howpsuzlygy üçin gaty möhüm meseleler hakda” pikir alyşmagy planlaşdyrandygyny aýtdy.

Ysraýylyň “Haartz” gazetiniň ýazmagyna görä, gepleşiklere Ysraýylyň Iýerusalim işleri ministri, Ukrainada doglan Zeew Elkin-de gatnaşar.

Putin bilen Netanýahu Moskwanyň Ýehudy muzeýinde Nasistleriň ölüm lageri Sobiborda 1943-nji ýylda turan gozgalaň boýunça gurnalan serginiň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Moskwa hem Ysraýyl, hem-de onuň regiondaky bäsdeşleri, şol sanda Siriýa we Eýran bilen gowy gatnaşyk saklaýar.

Orsýet ýedi ýyla golaý bäri Siriýada barýan uruşda Eýran bilen birlikde prezident Başar al-Assady goldap geldi.

Ysraýyl bu konfliktde özüniň hiç bir tarapy goldamaýandygyny aýtsa-da, onuň harby uçarlary Siriýanyň territoriýasynda häli-şindi diýen ýaly howa hüjümlerini amala aşyrýarlar.

Ysraýylyň liderleri Eýranyň harby baza döretmek ýa-da Liwandaky Hizbullah toparyny ýarag bilen üpjün etmek üçin, Siriýanyň territoriýasyndan peýdalanmagynyň öňüni aljakdyklaryny aýdýarlar. Liwanyň Hizbullah topary Siriýadaky uruşda Damasky goldaýar.

“Haaretz” gazetiniň ýazmagyna görä, uruş tamamlananyndan soňra Eýranyň Siriýanyň territoriýasynda galmazlygy hakda hem Netanýahu bilen Putiniň pikir alşaryna garaşylýar. Maslahatlaşyljak temalaryň ýene biri Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygy bolar.

Netanýahu awgust aýynda Putin bilen Soçide duşuşanda, Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky harby gatnaşyklarynyň öňüni almaga taýýardygyny aýtdy.

Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek üçin, onuň bilen baglaşylan ýadro geleşigine-de garşy.

Üstümizdäki aýyň başlarynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 2015-nji ýylda gol çekilen ylalaşykdaky “betbagtçylykly kemçilikleri” düzetmek üçin ýewropaly ýaranlar we Kongress bilen işleşmek isleýändigini aýtdy, ylalaşyk dört aýyň içinde berkidilmedik halatynda, Waşington ondan çekiler diýip duýduryş berdi.

Tähran ylalaşyga haýsy formada hem bolsa, üýtgetmäniň girizilmegini ret edýär. Geleşige gol çekişen beýleki ýurtlar; Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet bolsa ylalaşygy biragyzdan goldaýarlar.

Tramp üstümizdäki aý Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar edýändigini yglan etmginden soňra, palestinalylar Amerikan administrasiýasy tarapyndan hödürlenen ýaraşyk planyny ret etjekdikleriniň aýtdylar.

Putiniň geljek aý Palestina häkimiýetleriniň prezidenti Mahmud Abbas bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Netanýahunyň Moskwa sapary Siriýanyň “milli ýygnak dialogyna” gatnaşyjylaryň Soçide ýygnanjak mahalyna gabat gelýär.

Orsýetiň bu başlangyjyny Türkiýe bilen Eýran goldasa-da, Günbatar ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasy oňa şübheli garaýarlar.

XS
SM
MD
LG