Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside metroda üçeginiň gopmagy zerarly 11 adam ýaralandy


Warketili metro stansiýasy, Tbilisi, 30-njy ýanwar, 2018

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi Tbiliside metro stansiýasynyň üçeginiň gopmagy zerarly 11 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Adatdan daşary ministrligine görä, bu ýagdaý Warketili metro stansiýasynda 30-njy ýanwarda ýüze çykdy.

Ýaralanyp, keselhana äkidilenleriň arasynda bir polisiýa ofiseri hem bar.

Tbilisi şäheriniň transport polisiýasy bu hadysanyň ýüze çykmagynyň sebäplerini derňeýär.

Tbilisiniň häkimi Kakha Kaladze agzalan metro stansiýasynyň geçen ýylda täzelenendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG