Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Makedoniýanyň ady boýunça dawany çözüp boljagyny aýdýar


BMG-niň wekili Matthew Nimetz Gresiýanyň resmileri bilen duşuşyk geçirýär
BMG-niň wekili Matthew Nimetz Gresiýanyň resmileri bilen duşuşyk geçirýär

BMG 26 ýyl bäri Afinleriň we Skopiýeniň arasynda Makedoniýa adynyň ulanylmagynyň daşynda dowam edýän dawany çözmekde öňegidişligi gazanyp boljakdygyny aýtdy.

“Käbir pozitiw momentler döredildi” diýip, BMG-niň metbugat wekiliniň orunbasary Farhan Hak 29-njy ýanwarda aýtdy we çykalganyň BMG-niň araçylygynda we “iki ýurduň liderleriniň we halklarynyň barlyşygynyň ruhunda” gazanyljagyny belledi.

BMG-niň wekili Matthew Nimetz dawany çözmek maksady bilen 30-njy ýanwarda Gresiýa iki günlük saparyna başlady. Onuň Gresiýanyň daşary işler ministri Nikos Kotzias bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Skopiýeniň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan edeli bäri Makedoniýa adyny ulanmagyna Gresiýanyň garşylygy Balkan ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmagyny çylşyrymlaşdyrdy.

Afinler Skopiýeniň Makedoniýa adyny ulanmagynyň onuň Gresiýanyň demirgazygyndaky Makedoniýa regionyna territorial dawasynyň bolmagyny aňladýandygyny aýdýar.

Iki ýurduň liderleri dawany 2018-nji ýylyň aýagyna çenli çözmäge isleg bildirdiler.

XS
SM
MD
LG