Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljek orsýetliler baradaky raporty çap etdi


"USM Holdings" kompaniýasynyň eýesi Alişer Usmanow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda)
"USM Holdings" kompaniýasynyň eýesi Alişer Usmanow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda)

Birleşen Ştatlaryň gazna departamenti prezident Wladimir Putin bilen ýakyn ilteşikli 210 sany rus resmileriniň we milliarderleriniň gyzyklanma bilen garaşylan sanawyny çap edip, Kremli gahar-gazaba mündürdi.

30-njy ýanwarda ir ertir Waşingtonda neşir edilen we Kreml raporty diýip atlandyrylýan sanaw Orsýetiň 114 sany ýokary derejeli syýasy şahsyýetleriniň we 96 “oligarhyň” atlaryny öz içine alýar. Amerikan häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, bular Putin bilen ýaranlykda bolup, ummasyz baýlyk toplapdyr.

Sanawa näresmi taýdan “Putin sanawy” we “Oligrahlar sanawy-da” diýilýär.

Raportyň özi sanksiýa girizenok. Prezident Donald Trampyň administrasiýasy häzirki wagtda Orsýetiň garşysyna täze sanksiýa girizmekçi däldigini Kongrese bildirdi.

Sanaw Putiniň kömekçilerinden we geňeşçilerinden 43 adamy, şol sanda onuň sözçüsi Dmitriý Peskowy, 31 sany kabinet ministrini, şol sanda premýer-ministr Dmitriý Medwedewi, şeýle hem daşary işler ministri Sergeý Lawrowy, ýokary derejeli kanun çykaryjylary we Orsýetiň aňtaw gulluklarynyň uly derejeli resmilerini öz içine alýar.

Sanawda Orsýetde giňden tanalýan gurply adamlar bilen birlikde, döwlet eýeçiligindäki kompaniýalaryň ýokary derejeli müdirleri, şol hatarda energiýa ägirdi Rosneftiň başlygy Igor Seçin, döwletiň kontrollygyndaky Sberbankyň başlygy German Gref-de bar.

Gazna departamenti: “Oligarhlaryň sanawyny kesgitlemekde ynamdar umumy çeşmelere görä, baýlygy bir milliard dollar ýa ondan ýokary diýip çaklanýan şahsyýetleri girizendigini ” aýdýar.

Ady sanawa goşulan beýleki oligarhlar Roman Abramowiç, Alişer Usmanow, Amerikanyň NBA basketbol toparynyň eýesi Mihail Prohorow, Oleg Deripaska, şeýle hem Kasperski laboratoriýasynyň gurujysy Ýewgeniý Kasperski dagy bar.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Arkadiý Dvorkowiç sanawy Rus syýasatynda “kimler kim” diýen sanawdan tapawutly däl diýip ret etdi.

Parlamentiň ýokarky öýüniň daşary işler komitetiniň başlygy, Kremliň tarapyny çalýan kanun çykaryjy Konstantin Kosaçýew hem amerikan häkimiýetleri “Kremliň telefon kitapçasyny kopiýa edipdirler” diýdi.

CAATSA Kanuny

Kreml raporty Amerikanyň garşydaşlaryna sanksiýalar bilen garşylyk kanuny CAATSA laýyklykda, 29-njy ýanwarda Kongresiň garamagyna berildi. Çap edilen sanaw raportyň rejelenmedik nusgasy.

29-njy ýanwarda Peskow Birleşen Ştatlary sanawy 18-nji martda Orsýetde geçjek prezident saýlawlaryna garyşmak üçin ulanýanlykda aýyplady. Bu saýlawda Putiniň ýene bir alty ýyl möhlet bilen häkimiýet başyna gelerine şübhe edilenok. Oppozision syýasatçy Alekseý Nawalna saýlawa dalaşgär hökmünde gatnaşmaga ýol berilmedi.

“Biz munuň saýlaw wagtyna gabat getirilip, oňa täsir etmek üçin edilýän göni we açyk synanyşykdygyna ynanýarys” diýip, Peskow žurnalistlere aýtdy.

29-njy ýanwarda Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti kanun bilen baglanyşykda, ABŞ tarapyndan täze sanksiýalar girizilse, “onda ol ilkinji nobatda Orsýetiň goranmak we aňtaw gulluklary bilen iş salyşýan Orsýete degişli däl kompaniýalar barada bolar” diýdi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Heather Nauert Amerikan kanunynyň 2017-nji ýylda Orsýetiň goranyş senagaty bilen baglanyşykly milliardlarça söwdanyň öňüni alandygyny belläp: “Eger kanun işlese, onda belli kompaniýalara ýa şahsyýetlere garşy sanksiýa girizmegiň geregi bolmaz” diýdi.

Nauert 29-njy ýanwarda döwlet departamenti öz sanksiýalary hakda “öňünden maglumat berenok” diýip, täze sanksiýalary yglan etmedi, ol Kreml raportynda ady agzalýan adamlar hakda hem maglumat bermedi.

Nauert munuň deregine CAATSA “kanuny we onuň ýerine ýetirilmegi Orsýetiň goranyş söwdasyny bökdeýär” diýdi.

Trampyň tankydy

Tramp CAATSA kanununa gol çekende, ony “çynlakaý kemçilik” diýip tankytlapdy.

“Biz bu kanuny, Kongresde niýetlenilişi ýaly, Orsýete basyş etmek, onuň Ukrainadaky agressiýasynyň bizi aladalandyrýandygyny bildirmek üçin ulanýarys” diýip, Nauert aýtdy.

2017-nji ýylyň ýanwarynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary amerikada geçen prezident saýlawlaryna täsir etmek maksady bilen Putiniň propaganda kampaniýasynyň ýola goýulmagy barada buýruk berendigini kesgitländiklerini aýtdylar. Munda hem esasy maksat Birleşen Ştatlarda saýlaw prosesine bolan ynamy gowşatmak, Demokratik partiýanyň kandidaty Hillary Klintonyň abraýyny peseltmek we Trampyň ýeňiş şansyny gowulandyrmak bolupdyr.

2016-nji ýylda Amerikada geçen prezident saýlawlaryna Orsýetiň garyşyp-garyşmandygy barada Birleşen Ştatlaryň adalat ministrliginiň ýörite geňeşçisi Robret Mueller bilen Kongrese degişli üç topar biri-birinden aýrylykda derňew işlerini alyp barýarlar.

Tramp bu barada dildüwşük bolandygyny ret edýär. Putin hem, Amerikan resmileri ellerinde düýpli subutnamalaryň bardygyny aýtsalar-da, saýlaw prosesine garyşandygyny inkär edýär.

XS
SM
MD
LG