Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň sudy liberal öňki häkim Belyhy para almakda günäli tapdy


1-nji fewralda sud diňlenişiginiň öňüsyrasynda, Nikita Belyh (merkezde) aklawçysy bilen maslhatlaşýar.

Russiýanyň sudy Kirow oblastynyň öňki häkimi Nikita Belyhy para almakda günäli tapdy. Tanymal liberal syýasatçynyň köpçüligiň ünsünde bolan sud diňlenişiginden soň, onuň günälidigi hakynda höküm çykarylmagyna giňden garaşylýardy.

Moskwanyň Presnýa etrap sudunyň 1-nji fewralda, ýagny günüň soňlarynda Belyhyň tussaglygy barada karar çykarmagyna garaşylýar.

Prokurorlar suddan oppozision partiýanyň öňki lideri Belyhy 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi soradylar.

“Sud hökümet resmisi hökmünde Belyhyň para berýäniň bähbidine hereketler ýa-da gaýybana hereketler üçin para alandygyny anyklady” diýip, kazy Tatýana Wasýuçenko sudda aýtdy.

Belyh Moskwanyň restoranynda tussag edilende, 2012-2016-njy ýyllar aralygynda 600,000 ýewrodan gowrak möçberde para almakda aýyplanypdy.

Ol özüne ýöňkelýän aýyplamalary “absurd” diýip atlandyryp, özüni günäli däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG